“Şuny bäş barmagyňyz ýaly ýadyňyzda saklaň! Asla unutmaň! Aňrujy, başaryp bilseňiz, bu şerti-de gümürtik etmän, anyk we açyk aýdaýyn, başarsaňyz özüňize gowy bolar.
GÖWÜN bilen baglanyşykly bolan we barmak basyp sanaýmaly şu bäş sany işligiň ýoklugyny berjaý ediň.
“Türkmeniň GÖWNÜNE degmäň!
Türkmeniň GÖWNÜNI bozmaň!
Türkmeniň GÖWNÜNI syndyrmaň!
Türkmeniň GÖWNÜNI ynjytmaň!
Türkmeniň GÖWNÜNI ýykmaň!”
(Türkmen GÖWÜNÖWRENIŞ dersiniň durnukly aňlatmalaryndan)
Hormatly okyjylar! Biziň häzirki wagtda ulanýan GÖWNÜMIZ taryhyň ilkinji çeşmelerinden başlap, KÖŇÜL diýen adalga bilen ýygjam ulanylyp, nusgawy edebiýat eserlerimizi-de öz içine alypdyr. Ondan soňra belli bir wagtyň geçmegi bilen GÖWÜN biziň dil (sözleýiş) sahypalarymyzda, KÖŇÜL bolsa biziň kitap (ýazuw) sahypalarymyzda öz ornuny ymykly eýeläpdir.
Hawa, başgaça aýdanymyzda, GÖWNÜŇ hem özboluşly taryhy bolupdyr. Şonuň üçin söhbetdeşligimize onuň taryhyndan başlamaklygy ýerlikli hasapladyk.
Siziň bilşiňiz ýaly, “Kutadgu-bilig” (Gut hakda bilim– we bu eser bilen baglanyşykly türkmençe terjimeler bize degişlidir-BS) gadymy edebi miraslarymyzyň biridir. Şol ady agzalan eserden toplan maglumatlarymyzdan käbir nusgalary bilelikde gözden geçireliň.
Ynha, birinji nusgamyz:
“Köňül berdi hem me ýorytty tilig,
Uwut berdi kylk hem kylynçy silig” [№149].
Köňül berdi hem-de ýöretdi dilin,
Uýat berdi, häsýet hem sap gylygyn.
Mysaldan hem görnüşi ýaly, göwün (köňül) adama beýik Biribar tarapyndan berlendir. Şonuň üçin, adamyň göwni dogabitdi berlen barlykdyr. Ynha munuň anyk delili:
“Törütürde berse baýat ög köňül,
Tükel maýe buldy biligke ogul [№1818].
Ýaradanda berse Baýat aň, köňül,
Tükel maýa tapar bilime, ogul!
Bu beýitden hem görnüşi ýaly, birinji setirde geçen “bermek” işliginden ugur alyp, köňlüň adamzada “berlenlik” baradaky garaýşymyzy delillendirip bilýäris. Diýmek, ýaradylan wagtynda aňdan soňra berlen “köňüldir”.
Eger ýaradylanda adama KÖŇÜL berilmedik ýagdaýynda nähili bolardyka? Ynha, bu soragyň hem özboluşly jogabyna gürrüňi edilýän eserde ýörite orun berlipdir.
Ynha munuň anyk mysaly:
“Törütür üdinde köňül bermese,
Tilekke tegümez bu anda basa” [1821].
Ýaradan wagtynda köňül bermese,
Dilegne gowuşmaz bu wagtdan basa.
Alnan mysaldan-da belli bolşy ýaly, adama ýaradylanda KÖŇÜL berilmedik bolsady, onda ynsan ogly öz dileglerine, arzuw-isleglerine gowşup bilmezdi.
“Köňül berdi hem-de ýöretdi dilin,” diýen setirdäki KÖŇÜL-den soňra diliň ýöredilmegi-de ýöne ýerden däldir. Galyberse-de, KÖŇÜL bilen DIL hemişe özara hyzmatdaşlykdadyr. Bu hakyndaky garaýyşlarymyzy we oňa degişli nusgalarymyzy geljekde has giňden derňew ederis.
Ýene bir nusga:
“Bodum erdi ok teg, köňül erdi ýa,
Köňül kylgu ok teg bodum boldy ýa” [№371].
Boýum erdi ok dek, köňül erdi ýaý,
Köňül boldy ok dek, boýum boldy ýaý.
Bu nusgadaky “boý” bilen “köňül” hem-de “ok” bilen “ýaý” adamyň ýaşy bilen baglanyşyklydyr.
Onuň bu günki yzlaryny “Göwre garrasa-da, göwün garramaz.”; “Göz garrar, göwün garramaz, Är garrar, heňňam garramaz” ýaly atalar sözüniň leksik-semantik manysynda görmek mümkin.
Aşakdaky nusgada bolsa köňlüň tutumynyň göni ýol bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.
Üdürdi törütti yaruttı köŋül,
köni yol öze tuttı köŋlüm amul [№382].
Saýlady, döretdi, ýagtyltdy köňül,
Göni ýoldan tutdy, meň köňlüm amal.
Mysalda geçen “köni ýol” (göni ýol) diýen durnukly aňlatmadaky sözler (köni, ýol) gadym türkmen sözleridir. Bu günki ulanylýan alynma sözler bolan “adalat”, “adyl” ýaly adalgalaryň ýerine gadymda “köni”, “könilik”, “köni ýol” diýen sözler ulanylypdyr. Şeýlelikde, hakyky köňlüň ýoly hem göni ýol bolupdyr.
Köŋülüg bezedi yarukluk bile,
tilimni bezedi tanukluk bile [№382].
Köňüli bezedi anyklyk bile,
Dilimni bezedi tanyklyk bile.
Bu mysalda bolsa köňül bilen bilen diliň bezegi hakynda maglumatlar berlipdir. Şol maglumatlara görä köňlüň bezegi anyklyk, aýdyňlyk, diýlip hasaplanylypdyr. Diliň bezegi hökmünde bolsa tanyklyk görkezilipdir. Bu ýerden gelip çykýan many şeyledir: “Men bardyryn, meniň bardygyma dilim tanyklyk (şaýatlyk) edýär.”
Aşakdaky mysalda bolsa adama mahsus bolan berlenlik häsiýetleri barada pikir ýöredilýär. Bu mysalda köňlüň öň hatarda getirilmeği ünsi özüne çekijidir.
Köŋül berdi köz hem ukuş ög bilig,
aça berdi sözüm yorıttı tilig [№382].
Köňül berdi, göz hem üşük, aň, bilim,
Açyp berdi sözüm, ýöretdi dilim.
Bu setirlerden hem görnüşi ýaly, “köňül” we ondan soňraky getirilen “göz, üşük, aň, bilim, söz, dil” adamzat nesliniň düşbülik ukybynyň derejesini görkezýän esasy we sagdyn sütünleridir.
Häzirki wagtda dilimizde ýygjam ulanýan “söz açmak” durnukly aňlatmasy ýokardaky setiriň (aça berdi sözüm…) yzlarynyň anyk nusgasydyr.
Şondan soňra gelýän “til ýöretmek” durnukly aňlatmasy-da bize nätanyş däldir. Çakym çak bolsa, gadymy durnukly aňlatmamyzdaky “til” wagtyň geçmegi bilen alynma söz bolan “pikir” bilen çalşyrylana meňzeýär. Munuň delilini bolsa häzirki sözlüklerimizde ýer alan “pikir ýöretmek, bir predmet barada öz pikiriňi aýtmak, pähimlenmek, bir pikiri öňe sürmek” [1962], “pikir ýöretmek, bir zat barada bir pikiri öňe sürmek” [2016] diýen durnukly anlatmalardan gözlemelidir.
dowamy bar…….