MEDENIÝET

Medeniýet ulgamyna maliýe kömegi

Beýik Britaniýaň Ministrler kabineti teatr oýunlarynyň dowam etdirilmegi hem-de medeniýet ulgamyndaky edaralaryň işiniň ilerledilmegi üçin 1,5 milliard funt-sterling möçberinde maliýe kömegini bermegi meýilleşdirýär.

Ýurduň gaznasyna köp möçberde girdeji gazandyrýan medeniýet ulgamynyň dünýädäki koronawirus ýokanjy sebäpli kabul edilen öňüni alyş çäreleri nazarynda ykdysady kynçylyklara sezewar bolandygy mälim edilýär.

Maliýe kömeginiň bir bölegi – ýeňillikli karzlar, bir bölegi – hökümet tarapyndan berilýän grantlardyr. Muňa garamazdan, ýurduň medeniýet ministri Oliwer Dowden bu barada beren beýanatynda: “Gynansagam, häzirki şertlerde kynçylyklar bolar.  Köp adamlar işlerini ýitirerler. Teatrlar ýapylar” diýip belleýär.

Sungat işgärleri döwlet tarapyndan edilýän kömegiň hasabyna teatr sungatynyň dowam etdiriljekdigini mälim edýärler.

Ýene-de okaň

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary Türkiýedäki festiwala gatnaşdy

Dünýäniň iň garry gorillasy 69 ýaşady

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi