19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýük howa gämisini satyn almagy hakyndaky Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Wise-premýer milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça «Boeing 777-200F» ýük howa gämisini satyn almak boýunça geçirilen işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň hem-de täze tehnikalar bilen üpjün etmegiň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli meýilnamalaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz milli awiasiýany ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler barada aýdyp, işgärleri — uçarmanlary we ýerüsti gulluklaryň hünärmenlerini taýýarlamak meselesiniň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Milli raýat awiasiýasy diňe bir tehniki üpjünçilik babatda däl, eýsem, hünärmenleri taýýarlamakda hem bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Türkmenistanyň iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak zerurdyr. Ýurdumyzyň awiatorlary ýük daşalýan ugurlaryň çägini hem-de hereket edýän ugurlarda gatnawlaryň ýygylygyny artdyryp bilerler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan satyn alynýan döwrebap howa gämisiniň bildirilýän talaplara hem-de hil we howpsuzlyk babatda halkara ölçeglere laýyk gelmelidigini aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi hem-de ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.