DÜNÝÄ

“Zoom-yň” girdejisi kesgitlenildi

Soňky birnäçe aýda “Zoom-yň” ulanyjylarynyň sanyny 10 milliondan 300 milliona çenli artdyrdy we 2020-nji ýylda bazar bahasyny 250 göterim ýokarlandyrdy. Öýden iş alyp barýan adamlar bilen onlaýn ýygnaklary geçirip boljak programmalar gysga wagtyň içinde ep-esli meşhurlyga eýe boldy. Şol programmalaryň iň meşhury “Zoom”. 9 ýyl ozal döredilen we 2019-njy ýylyň dekabrynda 10 million ulanyja hyzmat eden bu programma gysga wagtyň içinde 300 million ulanyja ýetdi.

“CNN International” habarlar gullugyndaky habarlara görä, pandemiýa prosesinde ulanyjylaryň sanynyň çalt artandygyny sebäpli “Zoom” bu prosesde 250 göterim ösdi. Şol hasabata görä, bazar bahasy 70 milliard dollara barabar bolan “Zoom” “S&P” 500, 417 sany kompaniýadan has gymmatly boldy. “Zoom-yň” bu amalda gazanan girdejisi kompaniýanyň birinji çärýek maýa ýagdaýyny yglan etmegi bilen aýdyňlaşdyryldy. “TechCrunch”-daky habarlara görä, “Zoom” 2020-nji ýylyň ilkinji 3 aýynda 328,2 million dollar girdeji gazandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar

Tokayew: “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk başlandy