BIZNES

Altyn köl» : Dynç almagyň oňaýly häzirki zaman zolagy

Milli Liderimiz düýn gündogar welaýata ugramazdan öň, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onda paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň depgini, şäher ilatynyň göwnejaý dynç alşy, olaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklaýar we adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berýär.

Uzakmöhletleýin geljegi nazarda tutup, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan täze şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzyň häzirki zaman keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, onuň köpugurly mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny, şäheri hem-de onuň inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümlerini abadanlaşdyrmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylyşyny yzygiderli gözegçilikde saklaýar.

Desgalar gurlanda binagärlik ulgamynda dünýäniň iň oňat tejribesiniň we gazananlarynyň, häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň ulanylmagy gözellik we ekologiýa nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýe bolup, munuň özi milli Liderimiziň esasy talaplarynyň hatarynda durýar.

Mundan başga-da, möhüm gurluşyk taslamalaryna girişilende, taýýarlamakdan başlap, durmuşa geçirmäge çenli olaryň amala aşyrylyşynyň hemme tapgyrlary yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr, işleriň ýokary hili, desgalaryň gerekli derejede enjamlaşdyrylyşy hem-de olaryň bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmegi, öňde goýlan wezipeleri çözmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşilmegi üpjün edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy ýaly, umuman, innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we işläp taýýarlamalaryň, iň oňat dünýä tejribesiniň işjeň peýdalanylmagyna gönükdirilendigini nygtaýar. Gurluşyklaryň gerimi nazara alnyp, desgalaryň hiliniň ýokary derejesi üpjün edilmelidir hem-de milli binagärligiň özboluşlylygyna aýratyn üns berilmegi zerurdyr.

Täze binalar gurlanda olaryň maksatlaýyn we oýlanyşykly ulanylyşyny, toplumlaýyn ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ulag-kommunikasiýa düzümleriniň döredilmegini göz öňünde tutmak gerek. Munuň özi ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegi we pudaklaýyn ylmyň gazananlaryndan ugur alynmagy bilen birlikde, ýurdumyzda ähli binalaryň we desgalaryň gurluşygyna bildirilýän esasy talapdyr.

Bularyň ählisi gurluşygyň hili, bezegi we gözelligi babatda bolşy ýaly, ekologiýa babatda hem halkara ölçeglere kybap gelmelidir. Soňa görä-de, taslamalar işlenilip düzülende tebigy gurşawyň gözelligi babatda öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ulanmak bilen, ýaşyl seýilgäh zolaklarynyň döredilmegini göz öňünde tutmak gerek.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň oňaýly dynç almagyny üpjün etmek, adamlaryň tebigatda wagtlaryny işjeň we peýdaly geçirmekleri üçin şertleri döretmek baradaky meseläni gozgady. Aşgabadyň demirgazyk böleginde ýerleşen köl şonuň ýaly ýerleriň biridir. Bu ýerde öz döwründe häzirki ýaşuly adamlar işden boş wagtlaryny geçirmegi halaýardylar.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde dynç almagyň oňaýly häzirki zaman zolagyny döretmek meýilleşdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň kölüň kenarynda täze desgalary gurmak baradaky öňe süren başlangyjy paýtagtymyzyň medeni-dynç alyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek işinde nobatdaky ähmiýetli ädimdir.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýakynda Aşgabat boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda tebigatyň bu ajaýyp künjegine baryp görüp, bu ýeriniň tebigatynyň täsin aýratynlyklaryna hem-de oňaýly gurşawyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow kölüň kenarynda şäherlileriň, şol sanda çagalaryň wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmegini üpjün etmäge gönükdirilen häzirki zaman düzümleri döretmegiň maksada laýykdygyny nygtap, dynç alýanlar üçin hyzmatlaryň zerur bolan görnüşlerini özünde jemleýän desgalar bilen bir hatarda, iri dynç alyş toplumlaryny, suw attraksionlaryny gurmalydygyny belledi. Şunda ekologiýa ýagdaýyny aýratyn göz öňünde tutmak zerurdyr.

Şeýlelikde, ýakyn geljekde bu ýeri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň medeni dynç alşynyň ajaýyp künjegine öwrüler. Şonuň bilen birlikde, mähriban ülkämiziň tebigatynyň ägirt uly kuwwatynyň peýdalanylmagy, adam saglygynyň berkemegine, onuň beden taýdan işjeňliginiň artmagyna ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz täze desgalara döwrüň ruhuna kybap gelýän atlary dakmaga degişli häzirki döwrüň ýola goýlan däplerine eýerip, köli «Altyn köl» diýip atlandyrmagy teklip etdi.

Ýene-de okaň

Aşgabat – Astrahan – Kazan ugry boýunça uçar gatnawy maslahatlaşyldy

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanda 87 taslamany maliýeleşdirdi

Türkmenistan bilen Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň işi döwrebaplaşdyrylýar

Azerbaýjandan Pars aýlagyna çenli demirýoly gurlar

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler