Fransiýanyň futbol boýunça milli çempionatynyň iň baý toparlarynyň biri hasaplanýan “Pari-San-Žermen” (PSŽ) topary diňe bir ýyldyz futbolçylary satyn almak bilen çäklenmän, eýsem ýyldyz futbolçylary hem ýetişdirýär. Soňky ýyllarda bu topar Ýewropanyň futbolynda meşhurlyk gazanan futbolçylary ýetişdirmek babatdaky işleri bilen hem möhüm ähmiýete eýe boldy.
Fransiýanyň soňky 8 çempionatynyň 7-sinde çempion bolmagy başaran “PSŽ” toparynyň düzüminden ýetişen futbolçylaryň köpüsi häzirki wagtda öňdebaryjy çempionatlarda oýnaýarlar. Bu topary ýetişdiren futbolçysy Kingsli Koman häzirki wagtda Germaniýanyň “Bawariýa” toparyndaky ezber oýny bilen tanalýar.
Şeýle hem bu toparyň düzüminde ýetişen Musa Diabi “Baýer” toparynda, Stanleý Nsoki “Nissa” toparynda, Kristofer Nkunku “Leipsig”, Timoti Weah “Lill” toparynda, Artur Zagre “Monako”, Odsonne Eduard “Monako” toparynda, Dan Aksel Zagadou “Borussiýa” toparynda, Fode Ballo-Toure “Monako” topayrnda, Mahamadou Dembele “Troýes” toparynda, Moussa Dembele “Lion” toparynda, Adrien Rabiot “Ýuwentus” toparynda we Matteo Guendouzi “Arsenal” toparynda çykyş edýär.
Şeýle hem Fransiýany milli ýygyndysynyň futbolçylary Pol Pogba, Kilian Mbappe, N’Golo Kante we Stewen N’Zonzi ýaly futbolçylar hem Pariž şäheriniň toparlarynda ýetişen dünýä belli futbolçylardyr.