Hytaýda elektron enjamlary öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan “Vivo-nyň” soňky wagtlarda önümçilik ulgamy barha artýar. Bu kompaniýa soňky üç aýyň dowamynda 24.8 million mukdarda akylly telefonlary ulanyjylara ýetirmegi başardy. Bu bolsa geçen ýylyň hasabaty bilen deňeşdirilende 7% ýokarydyr. Onuň bu netijesine Halkara maglumat korporasiýasy hem ýokary baha berýär. Bu kompaniýa dünýäde «Orginal enjamlary öndürijileriň» arasynda hem 5-nji orna mynasyp bolmagy başardy. “Vivo” kompaniýasynyň iň köp satylan akylly telefony “S1 Pro” bolmagy başardy. Kompaniýanyň bu önümi ulanyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
“Vivo” kompaniýasy iň köp Russiýa we Hindistan ýaly birnäçe döwletleriň bazarlaryna import edýär. Koronawirus ýokanjynyň dowam edýän döwründe kompaniýanyň işi üýtgeşik togtamandygyny hem aýratyn bellemegimiz gerek.