MEDENIÝET

Bolliwudyň meşhur ýyldyzy Rişi Kapur aradan çykdy

Hindistanyň meşhur aktýory Rişi Kapur 68 ýaşynda Mumbaý şäherindäki hassahanada aradan çykdy. Bu barada metbugat neşirlerinde giňden beýan edildi. Onuň düwnük (rak) keselinden ejir çekendigi mälim edilýär.

Rişi Kapur – Hindistanyň meşhur aktýory we režissýory Raj Kapuryň ogly. Rişi Kapurlar maşgalasynyň ýyldyzlarynyň biri bolup, Bolliwudda ençeme filmlerde surata düşdi.

Rişi Kapuryň kino dünýäsindäki ilkinji filmi “Meniň adym Kloun” boldy. Bu kinony aktýoryň kakasy surata düşürdi. 1970-njy ýylda surata düşürilen filmde Sowet Soýuzynyň hem aktýorlary we sirk sungatynyň işgärleri dürli keşpleri ýerine ýetirdiler.

Rişi Kapuryň ilkinji şöhrat getiren filmi “Bobbi” boldy. 1973-nji ýylda surata düşürilen bu film hem onuň kakasy Raj Kapur tarapyndan goýuldy. Şol ýyl Rişi Hindistanda ýylyň aktýory adyna eýe boldy. Kapurlaryň maşgalasynda Çintu diýlip atlandyrylýan Rişi Kapur esasan hem romantiki filmlerde surata düşdi.

Meşhur ýyldyzyň aradan çykandygy baradaky habary onuň ýakyn dosty Bolliwudyň häzirki döwürde iş meşhur aktýorlarynyň biri hasaplanýan Amitabh Baççan jemgyýetçilik torundaky hasabyndan mälim etdi. Baççan “Twitter” hasabyndan “Rişi Kapur gitdi … Men gaty erbet boldum!“ diyip, belledi.

Ýene-de okaň

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy