PEÝDALY MASLAHAT

Är-aýal :Bilelikdäki emläge erk etmek

Är-aýalyň bilelikdäki emläge eýelik etmäge, peýdalanmaga we erk etmäge deň hukuklary bardyr.

Haçan-da olaryň biri öý hojalygyny ýöretmek, çagalara seretmek bilen meşgullanan halatynda ýa-da başga esasly sebäpler boýunça özbaşdak girdejisi bolmadyk mahalynda hem bilelikdäki emläge är-aýalyň deň hukuklary bardyr.

Är-aýalyň biri tarapyndan är-aýalyň umumy gozgalýan emlägine ygtyýarlyk etmek boýunça geleşikler amala aşyrylanda, ol är-aýalyň beýlekisiniň razylygy bilen hereket edýär diýlip hasaplanylýar.

Är-aýalyň biri tarapyndan gozgalmaýan emläge ygtyýarlyk etmek boýunça geleşikleri we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde notarial tertibinde tassyklanylmagyny we (ýa-da) bellige alynmagyny talap edýän geleşikleri amala aşyrmak üçin är-aýalyň beýlekisiniň razylygynyň alynmagy zerurdyr.

Çeşme : minjust.gov.tm

 

Related posts

Hytaý : Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

Dr.Döwran Orazgylyjov

Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary kabul edildi

Ýaz aýlarynda saçlara nähili ideg etmeli?

Ata Watan Eserleri