JEMGYÝET

Jogaplar :“Makul Paýhas” krossworduň ýeňijisi – Aýjeren Jepbarowa

“Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň hemaýat etmeginde “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet sahypasy arkaly geçirilen “Makul Paýhas” atly krossword bäsleşiginiň nobatdakysynyň jemleri jemlendi. “Makul Terjime” atly krossword bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Aýjeren Jepbarowa yglan edildi. Aýjeren Jepbarowa bilen bir hatarda Nowça Orazberdiýewanyň hem krossworduň sowallarynyň ählisine dogry jogap berendigi anyklandy. Ýöne bäsleşigimiziň şertlerine laýyklykda, krossworduň jogaplaryny ilkinji bolup, “makulpayhas@gmail.com” elektron salgysyna iberen okyjymyzyň ýeňiji bolýandygyny mälim edipdik. Şeýle onlaýn tertipdäki krossword bäsleşigi ýakynda hem geçirilipdi we ilkinji bäsleşigimiziň  ýeňijisi Maýa Kulyýewa bolupdy.

Şol jogaplaryň gelen wagtyna görä, “elektron hatlary”  krosswordy taýýarlan Baýgeldi Çaryýewiň gatnaşmagynda  döredijilik toparymyz tarapyndan seljerildi. Şoňa görä-de, Aýjeren Jepbarowa Nowça Orazberdiýewadan öň iberipdir. Şeýlelikde, bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde Aýjeren Jepbarowa kesgitlendi. Bäsleşigiň ýeňijisine “Preo mySound (X-bass nauşnik)” sowgat berler.

Şeýle hem biziň bu bäsleşigimize işjeň gatnaşandygy üçin Mergen Akmuhammedow, Ýagmyrguly Süleýmanow, Arslan Gurbanalyýew, Şerip Atajanowa, Kerim Atajanow, Şuhsoltan Süleýmanowa ýaly okyjylarymyza hem minnetdarlyk bildirýäris.

Jogaplar

DIKLIGINE: 1. Gazojak. 2. Bazygär. 4. Delalat. 5. Eş. 6. Apollon. 7. Persiýa. 8. Ballada. 9. Bagaja. 10. Gundag. 12. Şa. 16. Re. 19. Gaş. 21. Kik. 22. Sardoba. 23. Karkara. 24. Eje. 25. Rahnema. 26. Annanow. 27. Gilmala. 28. Gyzybut. 29.  Galbiri. 30. Pi. 34. Jar. 35. Na.

KESELIGINE: 3. Aýa. 13. Gunan. 14. Ah. 17. Nowa. 18. Aýry. 19. Guduk. 22. Süwe. 23. Köşe. 29. Gysy. 31. Dan. 32. Kös. 33. Baz. 36. Ahuw. 37. Aba. 38. Igli.

GYTAKLAÝYN: 1. Gyş. 2. Baş. 11. Şah. 15. Har. 27. Gäp. 28. Güp.

Soraglar:

DIKLIGINE: 1. Ýurdumyzda 1967-nji ýylda döredilen gazçylar şäheri. 2. Oýunçy, masgarabaz (köne söz). 4. Kömek, ýardam. 5. Dost, ýoldaş (köne söz). 6. Neýl Armstrogyň (ABŞ, 1969 ý.) ilkinji gezek Aýa uçan howa gämisi. 7. Eýran Yslam Respublikasynyň öňki ady. 8. Hekaýa mazmunly şygyr bilen ýazylan eseriň bir görnüşi. 9. Ýurdumyzda ýerleşýän gaz ýataklaryň biri. 10. Tamdyranyň gapak oturdylan bölegi, kädisi. 12. Käbir Gündogar ýurtlarda döwletiň hökümdary. 16. Nota. 19. Eýeriň öň tarapynda somalyp duran tommak tutar. 20. Dag geçelgesi 21. Gözüň göreji (köne söz). 22. Çöl içinde ýagyş-ýagmyryň suwy ýygnalyp saklanýan üsti ýapyk howuz. 23. Durna meňzeş, alkymynyň aşagy gara guş. 24. “Çaga-da … diýip aglar, uly-da” (Nakyl). 25. Ýol görkeziji (köne söz). 26. Kino sungatynda öçmejek yz galdyran meşhur Baba … 27. Tam suwalanda laýy endigan ýazmak üçin ýuka polatdan, agaçdan edilen ýokarsy tutawaçly süýnmek ýasy gural. 28. Ygally ýyllarda ýaz aýlary meýdanda bitýän kömelegiň bir görnüşi. 29. Aýal köýnekligi üçin tarada dokalýan gyralary sary zolakly mata. 30. Matematiki san. 34. Döwülmän galan baş gatyşykly däne. 35. Natriý elementiniň gysgaça belgilenilişi.

KESELIGINE: 3. Jykyr bilen suwarylýan ýeriň kölçelerden kiçiräk böleklere bölünen görnüşi. 13. Iki ýaşan erkek taý. 14. “Yşka düşdi meň ýüregim, ýene … ile zarym bar” (Magtymguly). 17. Mallary suwa ýakmak üçin agaçdan ýasalan süýri gap. 18. Iki örküçli düýe, maýa. 19. Çilik ýaly çaga oýunlary oýnalanda gazylýan çukurjyk. 22. Ýurdumyzyň günbatar çetki nokady. 23. Çuwalyň ýa-da torbanyň iki gapdalyndan ýüp geçirmek ýa-da el bilen tutup götermek üçin goýulýan halka. 29. Iki dagyň biri-birine golaýlap daralýan ýeri, deräniň iň gysby ýeri. 31. Dzýudo we karate göreşinde iň ýokary taýýarlyk derejesi. 32. ýörite ýasalan tokmajyklar arkaly kakylyp çalynýan saz guraly. 33. Laçyn, elguş (köne söz). 36. Keýik, maral (köne söz). 37. “Aljyran aýal ärine .. diýer” (Nakyl). 38. Iýmit, şöhle, suw ýetmezligi sebäpli ösmän galan.

GYTAKLAÝYN: 1. Iýul aýynda Günorta Amerikada we Awstraliýada haýsy döwür bolýar. 2. Käbir beden öýjügine zyýan ýetmegi zerarly döreýän ýara. 11. Käbir haýwanlaryň kelle süňki bilen utgaşyp çykýan uzyn, ujy ýiti sünk. 15. “Goç ýigitler … görüner, eginden-başdan aýrylsa” (Talyby). 27. Içine saman, selin we ş.m. zat dykylan haýwan hamy. 28. Aşagynda ot ýakylyp, çaý suwuny gaýnatmak üçin ulanylýan uly gap.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler