DÜNÝÄ

“Barselona” Kamp Nou stadionynyň adyny satýar

Ispaniýanyň meşhur “Barselona” topary öz Kamp Nou stadionynyň adynyň hukugyny satmagy meýilleşdirýär. Ähli girdeji pandemiýa garşy göreşmek üçin sarp ediler.

– Häzirki wagtda ählumumy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Şonuň üçin jogapkärçiligi batyrgaý we asuda kabul etmeli. Koronawirus pandemiýasy we onuň netijeleri bilen göreşmek üçin ähli çeşmeleri ulanmagy möhüm hasaplaýarys. lkinji gezek kimdir biri Kamp Nou adyny üýtgedip biler, ýöne girdeji diňe “Barsa” däl-de, tutuş adamzada gönükdiriler –  diýip, toparyň wise-prezidenti Jordi Kardoner gürrüň berdi.

Kamp Nou – Ýewropanyň iň uly stadiony. 100 müň tomaşaçy kabul edýän bu stadion 1957-nji ýylda açyldy.

Şu wagta çenli stadionyň ady hiç kime satylmady. Bu hukugy ilkinji gezek satyn aljak 2020-2021-nji ýyllary öz içine alýan möwsümde stadionda adyny ulanar. Öňümizdäki hepdelerde bu babatda ylalaşyk gazanylmagy göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Tiranozawr Reksiň skeleti 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi

Jakartada syýasy geňeşmeler we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkdaky ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Indoneziýa Respublikasyna iş sapary