SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

9-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! 

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 9-nji ýanwardaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün döredijilik işi, gurluşyk, nikalaşmak, göwrelilik, açyk howada işlemek üçin amatlydyr. Ýakyn wagtda garaşan netijäňizi almaga mümkinçiligiňiz bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Nika baglaşmak, söwda etmek üçin amatly gün. Güýjüňizi, wagtyňyzy we puluňyzy ýitirmezlige çalşyň. Ýogsam, durmuş potensialyňyz ep-esli azalar. Öz saglygyňyz ýa-da ýakynlaryňyzyň saglygy bilen baglanyşykly kynçylyklar ähtimal.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün täze duşuşyklary, garaşylmadyk tanyşlary öz içine alýar. Belki, ýoluňyzda hyýaly däl-de, hakyky duşman bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz. Garaşylmadyk çykdajylar ähtimal. Bu gün gödek bolmaga synanyşyň. Günüň ikinji ýarymynda ýagdaý gowulaşyp biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Gündelik meseleleri çözmek üçin iň amatsyz gün. Gahar we nägileligiňiz artar. Belki, iň ýakyn adamyňyzyň ýoldaşlygy kynçylyklardan gutulmaga kömek eder.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Artykmaç ýük we nerw dartgynlygy stres we kesel döredip biler. Ýyldyzlar aşa hyjuwly bolmakdan duýduryş berýärler. Täze tanyş uzak wagtlap dowam etmez.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün döredijilik ideýalarynyň durmuşa geçirilmegi, ýer, gurluşyk we abadanlaşdyryş bilen baglanyşykly isler amatly. Islendik pul goýumy üstünlikli we girdejili bolar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün täsirli we alçak bolmagyňyz mümkin. Bu, ejiz erk bilen utgaşyp, durmuş gurmagyňyza kömek eder. Durmuşdaky kynçylyklardan gaça durmak üçin duýgurlyga bil baglaň. Ýakynlaryňyza ünsli boluň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Islegleriňiz bilen çäklenmeli, ruhy ösüşe günüňizi sarp etmeli. Ybadathana baryp görüň, ruhy edebiýaty okaň. Erbet endiklerden we hereketlerden dynmaga synanyşyň. Netijede, durmuşdaky päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin zerur bolan ajaýyp ruhy we fiziki potensialy alarsyňyz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kiçijik maşgala kynçylyklary bu gün sizi gynandyryp biler. Sabyr etmeli, ýüregiň sesini diňlemäge synanyşmaly we  logika, seresap hasaplamalara bil baglamaly däl. Bu gün, bedeniň synag güni bolup biler.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bulaşyklyk we pessimizm ýagdaýa hakyky baha bermäge päsgel berip biler. Saglygyň ýaramazlaşmagy, şikes ýetmegi, duşmanlar bilen çaknyşyklaryň bolmagy mümkin. Fiziki işjeňlik görkezmek bu gün zyýanly bolup biler.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün meýilnamalaryň we umytlaryň köpüsi amala aşyp biler. Öý işleri, ýakyn adamyňyz bilen bilelikde işlemekden şatlyk getirip biler. Pyýada ýöremek, bedenterbiýe bilen meşgullanmak amatly. Bu gün siziň üçin iň ýakymly güýmenje, ýakynlaryňyz, çagalaryňyz bilen wagt geçirmek bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Adaty hadysalara päsgel bermeseňiz, kynçylyklaryň köpüsi öz-özünden aýrylar. Ýürek meselesinde garaşylmadyk ýakymly waka göz öňünde tutulýar. Ýüze çykan söýgi meselelerini üstünlikli çözüp bilersiňiz. Şonuň üçin geljege optimizm bilen serediň.

Türkmenistan-Özbegistan: serhetýaka söwda ýola goýlar

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama