Hormatly okyjylarymyz!
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün üstünlik getirmegi wada berýär. Bu bolsa, döredijilik we işewürlik teklibiňiziň artjakdygyny görkezer. Emma işewür teklipleriň özüne çekmegi sebäpli käbir bulaşyklyk hem mümkin. Diňe gapandaky peýniriň mugtdygyny ýatdan çykarmaly däldir. Durmuşyň ähli ugurlaryndaky kynçylyklaryny ýeňip geçmek üçin paýhas we akyl zerurdyr. Gündelik işiňize gözegçiligiňizi ýitirmezlige çalşyň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Daş-töweregiňizdäkileriň hemmesine – kärdeşleriňize, dostlaryňyza we ýakynlaryňyza – siziň gatnaşmagyňyz we rehimdarlygyňyz gerek bolar. Dynç almaklyga aýratyn wagt goýuň. Häzirki wagtda durmuşyňyz barada çynlakaý oýlanmak, doga etmek maslahat berilýär.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün ýadawlyk we gaharlanma bilelikde bolar. Içiňizdäki negatiw duýgulara erk edip bilmersiňiz. Olara doly göz ýetiriň we duýgularyňyzy gözegçilikde saklaň. Maşgalada ýetginjek çagalar bilen gapma-garşylyk bolup biler.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Işewürligiňizde üstünlik getirjek işjeň gün. Teklipler ýa-da haýyşlar bilen häkimiýetlere ýüz tutmak amatly. Çünki bu gün siziň haýyşlaryňyz ret edilmez, gaýtam üstünlikli işiň başlanmagyna sebäp bolar. Üstünligiň esasy şerti ýokary hünärlilikdir. Saglygyňyz barada aýratyn alada ediň. Dogry we peýdaly iýmitlenmegi ýadyňyzdan çykarmaň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Ýolbaşçylar bilen gatnaşyklar gowulaşar. Ýöne güýçli taraplaryňyza we mümkinçilikleriňize aşa uly baha bermäň, özüňize çekip-çydap bolmajak ýük almaň. Saglygyňyza aýratyn üns beriň. Häzirki wagtda şypahanalara gidip intensiw bejeriş alyp barmak diýseň peýdaly bolar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün söýgi, nika baglaşmak, täze uzakmöhletleýin işe başlamak üçin amatlydyr. Ýaşuly garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz we kärdeşleriňiz bilen gatnaşyklar ep-esli gowulaşar. Är-aýalyň arasyndaky gatnaşyklar has ýumşak bolar. Birek-birege zerurlygy öňküsi ýaly duýarsyňyz. Durmuş gurmadyk akraplar bu gün öz söýgüsini tapyp bilerler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Durmuş mümkinçiliklaeriňizi ýokarlanmagy bilen tapawutlanjak oňat gün. Bu bolsa, umyt, özüňize bolan ynam, geljege optimistik dünýägaraýyş, gowulaşmak , has-da kämilleşmek islegini döreder. Bu günki geljek netijeleriňiz, boljak wakalar siziň geljegiňizi kesgitläp biler.
“Ata Watan Eserleriâ€: baýrakly makala ýaryÅŸy dowam edýär