Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 5-nji oktýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Islendik meýilnamany durmuşa geçirip başlamak gowudyr. Bu gün işewürlige berýän tizligiňiz, hyjuwyňyz aýyň dowamynda goldaw berer. Güýjüňizi maksadalaýyk sarp ediň. Bu gün üçin esasy maýa goýumlaryny bellemek maslahat berilýär – bu iň ýokary netijäni berer.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Jedellerden we ýakymsyz garaşylmadyk ýagdaýlardan gaça durmagy başarsaňyz, borçnamalary ýerine ýetirmegiňize gowy täsirini ýetirer. Bu gün adamyň öz mümkinçiliklerine obýektiw baha berip biljek güni. Skandallary ýok etjek boluň. Meýilnamalary durmuşa geçirmek mümkinçiligi dörär. Duýgularyňyzy içiňizde saklajak boluň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Hyzmatdaşlygy ösdürmek, gatnaşyklary we dostlugy berkitmek üçin gowy gün. Syýahatlar we gepleşikler netijeli bolar. Düzgün bolşy ýaly, şu gün gol çekilen şertnamalaryň geljegi gowy bolar. Gatnaşyklary giňeltmäge we abraýyňyzy berkitmegiňize gowy wagtdyr!
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün başlangyçlaryňyzyň siziň üçin nähili tebigy we sazlaşyklydygyny görkezer. Rahatsyzlygyň sebäplerini seljermek we olary ýok etmegiň ýollaryny, işjeňlik ugurlarynyň sazlaşykly giňelmegi we bellenen wezipeleri berkitmek we kesgitlemek häzirki wagtda diýseň amatlydyr
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Häzirki wagtda zähmetiň netijelerini gaýtadan işlemäge gönükdirilen çäreleri ýerine ýetirmek gowy bolar. Bu gün ykbaly düýpgöter üýtgetmäge mümkinçilik berýär! Ýalňyşlyklardan diňe netije çykarmaly. Tejribe we paýhas ýygnamak zerur! Duýgularyňyzy içiňizde saklajak boluň!
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün aragatnaşyk üçin amatly bolar. Durmuş potensialy ýokary derejede ýerleşçär. Siziň işleriňize kömek etjek täsirli adamlaryň peýda bolmagy mümkin. Aýratyn çemeleşmegi we uly ünsi talap edýän meselelerde üstünlik bolup biler.
Birneme kynrak we amatsyz döwür. Bu gün ykbalyň sizi synaýan güni bolar. Kagyz ýüzündäki ýalňyşlyklar, öwrenmekde we öwretmekde kynçylyklar bolup biler. Mümkin bolsa, töweregiňizdäki adamlar bilen aragatnaşygy azaldyň – belki negatiw täsir ýa-da prowokasiýa bolar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Häzirki wagtda maliýe amallaryna, çykdajylara, satyn almalara üns beriň. Mümkin boldugyça, ýakynlaryňyz we iş hyzmatdaşlaryňyz bilen gatnaşyklary aýdyňlaşdyrmakdan gaça duruň. Bolup biläýjek kynçylyklara we lapykeçliklere üns bermän, göz öňünde tutulan maksadyňyza ýetmek üçin göreşiň. Siziň tutanýerliligiňiz we işrwürligiňiz gowy netije berer.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Dostlaryňyzyň ýa-da işewür hyzmatdaşlaryňyzyň kömegi bilen bu gün täze girdeji çeşmelerini tapmaga ýa-da iş ugruňyzy üýtgetmäge kömek etjek özüne çekiji teklipleri alyp bilersiňiz. Emma muny gaty gowy we jikme-jik pikirlenmeli: üstünlik gazanmak beýle aňsat bolmaz.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Şahsy durmuşda üstünlik gazanmagyňyz ähtimal, ýöne ýyldyzlar tapawutlanmagy ýa-da pikiriňizi ýoldaşyňyzyň pikirinden has ýokary goýmagy maslahat bermeýärler. Gezelenç etmek üçin gowy gün. Sargyt etmek meýli, beýleki jyns agzasy bilen gatnaşyklary kynlaşdyryp biler.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Bu gün, iş häsiýetleriňiziň hakykata näderejede laýykdygyny barlar. Günüňizi işeňňirlik bilen geçiriň. Söýgüli arzuwlar hasyl bolýar we meýilnamalar hakyky görnüşde bolýar. Düşünişmezlikdäki päsgelçilikleri ýeňip geçmek, barlyşyk nokatlaryny tapmak peýdalydyr.
Işjeň göreş we gapma-garşylyk döwri. Saglygyňyza üns beriň. Islendik artykmaç hereketler, özüňi pida etmek, şeýle hem öz gowşak taraplaryňyňyz saglyga zyýanly täsir edip biler. Saglygyň düýpgöter erbetleşmegi ähtimal.