BIZNES

5-nji dekabrda Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy başlar

30-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ilatyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda 5-nji dekabrdan başlap baýramçylyk söwdasyny guramak, şeýle hem meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça degişli çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň guralmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Onda raýatlarymyzyň baýramçylyk saçaklaryny naz-nygmatlar bilen bezemegi üçin dürli görnüşli harytlar bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder