SPORT

46 ýaşynda dünýä çempiony bolmak başartmady

Meşhur filippinli boksçy Menni Pakýao 66.68 kg agramda Bütindünýä Boks Geňeşiniň (WBC) çempionlyk derejesindäki tutluşygynda amerikaly boksçy Mario Barriosy ýeňip bilmedi. 46 ýaşyndaky boksça dünýä çempiony bolmak başartmady. ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçirilen tutluşyk deňme-deň tamamlandy.

Pakýao 4 ýyllyk arakesmeden soňra ilkinji tutluşygyna çykdy. Ol 2021-nji ýylda kubaly boksçy Ýordenis Ugasiden ýeňlipdi.

46 ýaşyndaky Pakýao 62 ýeňiş gazanyp, 8 gezke ýeňildi we 3 tutlşyk deňme-deň tamamlandy. Ol boks taryhynda 8 dürli agyr agramda düný çempiony bolmagy başaran ýeke-täk türgendir. Ol uzak ýyllaryň dowamynda agramyna garamazdan, dünýäniň iň güýçli boksçylarynyň biri hasaplanýar.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri