SPORT

41 ýyllyk rekordy täzeledi

Niderlandly ýeňil atletikaçy Femke Bol ýapyk binalarda 400 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. Zenan türgen 41 ýyldan bäri saklanyp gelýän rekordy täzelemegi başardy.

Bu üstünlik Niderlandlar Patyşalygynyň ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça çempionatynda gazanyldy. Femke Bol bu aralyk boýunça 49.26 sekuntlyk netije görkezdi. Mundan ozal, 1982-nji ýylyň 7-nji martynda çehislowakiýaly Ýarmila Kratohwila 49.59 sekuntlyk netije görkezip, rekordy goýupdy.

Şondan bäri ýapyk binalarda 400 metr aralyga ylgamakda bu rekord saklanyp gelýärdir. Rus türgen Natalýa Nazarowa bu aralygy 49.68 sekuntda geçip, bu ugurda 3-nji görkezijä eýedir.

Femek Bol 22 ýaşynda we Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 400 metr aralygy päsgelçilikli ylgamakda bürünç medalyp eýesidir.

Niderlandly türgen 2022-nji ýylda dünýä çempionatynda kümüş medal gazanypdy. Şol bir wagtda ýaş zenan türgen Ýewropanyň 3 gezek çempionydyr.

Ýene-de okaň

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri