SPORT

40 ýaşyny bellän Ronaldo garaşylmadyk sowgat

Ýaşyl meýdançalaryň portugal ýyldyzy Kristiano ronaldo 40 ýaşyny belledi. bu ýyldyz futbolçy üçin garaşylmadyk sowgat heýkeltaraş Serjio Furnariden geldi. Ol dünýäniň iň uly şäherleriniň biri bolan Nýu-Ýorkuň meşhur Taýms-skwer meýdanynda Ronaldonyň bürünçden heýlekili oturtdy. Heýkeliň beýikli 3.65 metre deňdir.

Heýkeltaraş Ronaldony diňe bir türgen däl, eýsem dünýäniň dürli künjeginde milliardlarça adamlary ylham beriji hökmünde medeni taýdan ebedileşdirmegi maksat edindi.

Ol ronaldony Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň eşiginde suratlandyrdy. Heýkeliň açylyş dabarasyna türgeniň köp sanly janköýerleri gatnaşdy we deprekler bilen meşhur futbolçynyň gol geçirenden soňra beýan edýän “Siu”, ýagny “Hawa” diýen sözüni gaýtaladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy