Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 4-nji iýuldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Özüňiziň hiç bir gowy zada mynasyp däldigiňizi, islän maksadyňyza hiç haçan ýetip bilmejekdigiňizi ynandyrmak üçin näçe wagt we güýç sarp edýärsiňiz! Emma hakykatda, siz maksatlaryňyza ýetmek üçin öňkiňizden has ýakyn. Gerekmejek pikirleriňizi goýuň we oňa derek işe giriň. Täze bir zat döredip biljekdigiňizi subut etmek siziň eliňizde.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Siz haçanda haýsydyr bir ýoly saýlanyňyzda, “gowy” günlere-de, “erbetlere”-de taýyn bolmaly. Başgaça aýdylanda, her bir tejribe sizi kämilleşdirmek üçindir. Özüňiz üçin täze bir zat açmaly, belki bu size garaşyşyňyzdan hem has köp zat getirer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Şu gün üçin üstünligiň syry ýönekeý: soraň! Size hakykat bilen hyýalyňyzy tapawutlandyrmak kyn bolar. Bu ýagdaýlarda, aňyňyzyň oýlap tapan zatlaryna ynanmazlyk has gowudyr. Realist boljak boluň, hakykatyň ýüzüne seretmegi başaryň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Sizi alyp barýan ugra garşy durmagyň ýerine, onuň bilen bir boljak boluň. Töwekgelçilik etmek we täze bir zat gazanmak üçin özüňize köne durmuş ýolundan aýrylmaga rugsat beriň. Hatda öňküsinden düýpgöter tapawutlanýan bir zat etmeli bolmagyňyz mümkin.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün her bir üýtgeşiklikleriň alamatlaryna we sizi nirä alyp barýandygyna ynanyň. Haýsy impulsly hereketleri etmek isleýändigiňize üns beriň. Mümkin boldugyça ylham alyň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Öňki zatlary gaýtalaýarsyňyz. Bu zatlaryň özüňizi çäklendirýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Hiç haçan amala aşmajak zatlar hem bar. Muny boýnuňyza almagy başaryň. Ýöne bolýan zatlary biraz üýtgetmek kararyna gelseňiz näme? Bu gün nämälim gapylary açmak üçin ajaýyp gün.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Biziň hemmämiz wagtal-wagtal gabalan ýaly bolýarys. Bu gaýta gowudyr. Özüňiziň bir tora gabalandygyňyza ünsi çekmegiň ýerine, çykalga gözlemek has gowudyr. Ýyldyzlar düýpli üýtgeşmeleri görkezmeýärler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Durmuşyňyzyň bu bölümi uly arzuwlary we uly hereketleri talap edýär. Ykbaly öz eliňize almagyň, dogry ugurda batyrgaý ädim ätmegiň we global üýtgeşmelere ylham bermegiň wagty geldi. Ýöne ýadyňyzdan çykarmaň, sizi birnäçe sekuntda barmaly ýeriňize alyp barjak jadyly formula ýok.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Ähli gowy zatlar üçin şükür edýärsiňiz, ýöne näme üçin şol bir ýerde durmaly? Ýoluňyza düşen ähli agyry we kynçylyklar üçin hem ykbala şükür ediň. Çünki olar sizi dogumly etdi, güýçlendirdi we öz şahsyýetiňize öwürdi.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Çykyş ýoly bolmadyk boş otagda bolsaňyz näme ederdiňiz? Bu oňaýsyzlyga garşy durarsyňyzmy ýa-da diwarlaryň size pyşyrdaşýan zatlaryny diňlärsiňizmi? Häzirki wagtda kalbyňyzdaky boşlukdan gidip boljak ýer ýok. Diňe içki garaňkylyga seredip, ýagtylygyň gapysyny täzeden açyp bilersiňiz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Hiç zadyň manysy ýok öýdýän bolsaňyz, bu dogry pikir bolup biler. Näme üçin ýitgini we agyryny başdan geçirmeli bolduňyz? Häzir siz agy we garany saýgaryp bilýän derejäňize geldiňiz. Häzir siz durmuşyňyzdaky her bir kynçylygy rahatlyk bilen kabul etmegi öwrendiňiz.