SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

30-njy mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigini bilesiňiz gelse, size 30-njy martdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Baş alyp çykmak başarnygy bu gün hamallara täze, peýdaly tanyşlyklary açmaga kömek eder. Ähli meselelere seresaply çemeleşiň. Gürleýän sözüňize, edýän hereketleriňize aýratyn üns beriň. Düýşüňizi ters tarapa ýormak maslahat berilýär.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Erkek sowurlaryň bu gün gyzykly teklip almaklary ahmal. Emma onuň girdejili boljaklygy ikuçly bolar. Maşgala gatnaşyklarynyň kynlaşmagy, ýaramazlaşmagy ahmal. Öz söýgüli adamlaryňyza ünsli boluň. Zenan sowurlar içindäki gorkyny we ynamsyzlygy ýeňerler. Dogumly boluň!

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu ýyldyzyň astynda doglanlaryň köpüsi bu gün psihiki taýdan deňagramlylygy, däp-dessurlara we jemgyýetçilik tarapyndan kabul edilen kada-kanunlara uýmaklary bilen tapawutlanarlar. Bu gün nika baglanyşmak üçin şowly gündür. Iri söwdalar hem şowly bolup biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün ýyldyzlar size dogumly hereket etmegi maslahat berýär. Siz üçin girdeji getirmejek, pes ýaly duýsaňyz-da, täze işlerden ýüz öwürmäň. Islendik meseläniň çözgüdini tapmak üçin öz öňdengörüjiligiňize ýüz tutuň. Çykdajylaryň ýüze çykmagy ahmal.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Ýyldyzlaryň oňaýly ýerleşmegi islendik işiň şowly bolmagyna güwä geçýär. Zenan esetler islendik kişiniň başyny aýlap bilerler. Emma, uly talabedijilik we näzini çekdirmeklik geljekki gatnaşyklaryň öňüne böwet bolar. Erkek esetler öz borçlaryny ýatdan çykarmaly däldir.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün toparlaýyn işlerden gaça duruň. Uly meýilnamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmajak boluň. Siziň finans ýagdaýyňyz häzirki wagtda durnuksyzdyr. Şol sebäpli-de köp çykdajylaryň we finans ýitgileriň bolmagy ahmal. Işiňizde biraz pese gaçmagyňyz, abraýyňyzyň peselmegi ahmaldyr. Ünsli boluň!

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlaryň aktiwligi bu gün pese gaçar. Köp söwüşmeklik we öýke-kine saklamaklyk siziň ýaryňyz bilen aýrylyşmagyňyza-da getirip biler. Agşama golaý daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşygyňyz kadalaşar. Ýanyňyzdaky adama siziň aladaňyz we mähriňiz ýetenok.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Ýakyn adamyňyz ýa-da garyndaşlaryňyz bilen baglanyşykly kynçylyklaryň bolmagy ahmal. Işiň sene-menelik bilen tamamlamagy mümkin, şonuň üçin-de islendik karara gelmezden öň, soňundaky boljak zatlar barada-da pikirleniň. Maşgalaňyzdaky agzalalyk siziň saglygyňyza täsirini ýetirer. Siziň dawa-jenjeliň öňüni almak ukybyňyz häzirki wagtda diýseň zerurdyr.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Garaşylmadyk habar ruhy deňagramlylygyňyzy bozar ýa-da maşgaladaky aragatnaşyklaryňyzy kynlaşdyrar. Sizden biraz ynamdarlyk talap edilýär. Maşgalaňyza siziň ünsüňiziň we gatnaşygyňyzyň zerur bolmagy ahmal. Şonuň üçin-de bu boşlugy doldurjak boluň. Otdan gaça duruň, saglygyňyza gowja serediň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Ýyldyzlar jedi zenanlara girdejiniň täze görnüşlerini agtarmaklyklarynda üstünlik kepil geçýär. Söwer ýaryňyza köpräk üns beriň. Ondan habar tutup, öz aladaçyllygyňyzy bildirip duruň. Ynam bilen hereket etseňiz, üstünlik siziň hemraňyz bolar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün siziň üçin şowly bolar. Bu gün siziň öňden bäri çözüp bilmedik meseleleriňizi çözmeklik başardar. Durmuş potensialynyň artmagy siziň işiňize, ýolbaşçylar bilen gatnaşyklaryňyza položitel täsir eder. Uzakmöhletleýin şertnamalary baglanyşmak, gürrüňdeşlikler, iş bilen baglanyşykly meselelerde ünsli boluň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün siziň geljekde kömek etjek birnäçe täze tanyşlyklary açmagyňyz mümkin. Islendik keşpde gowy janlanmak, adamlary özüňize çekmek ukybyňyz size üstünlikleri wada berýär. Emma siziň hereketleriňiz bolup geçýän zatlara dogry baha bermegiňize esaslanmalydyr.

Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň geçiriljek wagtlary

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama