SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

3-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Ýyldyzlaryň hereketiniň 3-nji sentýabr güni ykbalyňyza ýetirýän täsiri barada bilesiňiz gelse, size şol günüň täleýanamasyny hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Ýolbaşçylara ýüzlenmek üçin gowy gün. Başlangyçlaryň soňunyň şowsuz tamamlanmagyndan gorkmaň. Ynamly hereket ediň. Hereketleriňiziň resmi we içgysgynç bolmagyndan saklanyň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün passiw gün bolar. Soňa goýan işleriňizi täzeden alyp maslahatlaşmaga ýa-da bellibir netijelere gelmäge çalşyň. Şahsy durmuşyňyzda öz isleýän zadyňyz bilen hökman etmeli zatlaryňyzyň arasyndaky kompromisi tapmak zerurdyr. Eger-de siz akylly-başly, özbaşdak hereket etseňiz, ähli zat şowuna bolar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Siziň energiýaňyz işiňiziň netijelerine gowy täsirini ýetirer we köp başlangyçlaryňyzda üstünlik gazanmaga ýardam berer. Ýyldyzlar zenan jöwzalara şowlulyklary wada berýär, emma olar şahsy durmuşda aldanmakdan goranmalydyrlar. Erkek jöwzalara şahsy durmuşynda uly bolmadyk, emma perspektiw üýtgeşmelere sebäp etjek tazelikler garaşýar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün planetalaryň hereketleriniň üýtgeýän we kosmiki energiýanyň tendensiýalarynyň täzelenýän günüdir. Iş ýa bolmasa, işewür duşuşyklar aýratyn güýji talap eder. Ýyldyzlar size sabyrly bolmagy maslahat berýär, çünki material tarapdan kynçylyklaryň bolmagy mümkin. Siziň zähmetsöýerligiňiz we çydamlylygyňyz günüň negatiw tendensiýalaryny peseltmäge ýardam berer.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün gürrüňdeşlik etmek, sport bilen meşgullanmak we başga-da islendik fiziki iş üçin diýseň gowy gündür. Planetalar-käbir finans ýitgileriňizi şertlendirip biler. Siziň bir zady satyn almagyňyz ýa-da garaşylmadyk çykdajy çykarmagyňyz ähtimal. Öý aladalary siziň köp wagtyňyzy we güýjüňizi alar. Çagalaryň gyzyklanmasy sizden ösen ünslüligi we şahsy gatnaşygyňyzy talap eder.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Şu gün siziň häzirki ýagdaýyňyzy düýbünden üýtgetjek we köp zatlara täsir etjek garaşylmadyk habar almagyňyz mümkin. Inçe diplomatiýa siziň islendik işewür gatnaşyklaryňyzda kömekçiňiz bolmalydyr. Bu gün sport bilen ýa-da islendik fiziki işleňlik bilen meşgullanmaga gowudyr.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün başlan işiňizi soňuna çenli ýetirmek üçin güýjüňizi akylly-başly tertipleşdirmek zerurdyr. Täze meýilnamalary başlamak, gazanjyň täze çeşmelerini gözemek üçin gowy gün. Bu gün şahsy durmuşynyzdaky käbir ýalňyşlyklary düzetmek üçin diýseň gowy mümkinçilik dörär. Günüň ikinji ýarymynda köne dostlaryňyz bilen duşuşmagyňyz mümkin.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Islendik iş üçin gowy wagt däldir. Erkek akraplaryň ýapyşan islendik işi, bu gün gynansak-da, şowsuz bolar. Emma ykbalyňyzyň synaglaryna dogry baha bermäge çalşyň. Bu gün siz durmuşyň berýän zatlaryna kanagatlanmaly bolarsyňyz. Ýukaýüreklik etmek, öýkeleri bagyşlamak gowudyr.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün siziň öz pikirleriňizi amala aşyryp bilmezligiňiz mümkin. Ýoldaşyňyzdan borçlaryny ýerine ýetirmäge talap edip durmagyňyzyň ýagdaýy kynlaşdyrmagy ähtimal. Ýyldyzlar size öz gyzyklanmalaryňyzy işeňňir goramagyňyzy, kompromise gitmezligi, kimdir-biriniň täsiriniň astyna düşmezligi maslahat berýär. Mümkin, siz wakalaryň gidişini öz haýryňyza üýtgedip bilersiňiz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün öň başlanan işleri tamamlamak üçin diýseň gowy gündür. Öz material derejäňizi berkitmek ýa-da geljekki üstünlikleriňiz üçin esas döretmek başardar. Bu ýyldyzyň astynda doglan erkeklere ýakyn geljekde ökünjiň we gynanjyň sebäbi boljak täze tanyşlyk ýa-da duşuşyk garaşýar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Ýyldyzlaryň dogry ýerleşmegi siziň professional işiňizde üstünlikleri kepillendirýär. Siz adatdakydan iki esse köp zat edip bilersiňiz. Finans ýagdaýyňyzyň gowulaşmagyna garaşýar. Mümkin size gezelenç garaşýandyr ýa-da sizi býujetiňizi doldurjak iş saparyna ugradarlar. Täze işiňizde zähmet işjeňligine başlamak üçin ajaýyp pursatdyr.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün köp gatnaşyklarda gowy bolmaklygy wada berýär. Kollektiw işler, täze zatlary öwrenmek, döredijilik we ylmy iş bilen meşgullanmak üçin gowy gün. Ýyldyzlar öňküler ýaly size gowy garaýarlar. Finans ýagdaýyňyz has gowulaşar, utuş gazanmak, algynyň dolanmagy ýa-da bähbitli söwdanyň bolmagy ähtimal.

 

Sanly ulgamyň halkara gatnaşyklaryna täsiri: sanly diplomatiýa

 

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama