SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

3-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Hormatly her günki täleýnama bilen yzygiderli gyzyklanýan okyjylarymyz! Size 3-nji oktýabrdaky nobatdaky täleýnamany hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Öz-özüni terbiýelemek we kämilleşdirmek bilen meşgullanýanlar üçin köp zatlary öwrenmegiň wagty geldi. Şahsyýet ruhy taýdan ýeterlik derejede ösmedik bolsa, aladalar, stres we abadançylygyň ýaramazlaşmagy mümkindir.

 

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Söýgi güni, döredijilik zahininiň açylýan güni. Döredijilik bilen meşgullanýanlar işlerinde meşhurlyk gazanyp, özleriniň köpçülik tarapyndan ykrar edilmegini gazanyp bilerler. Bu gün ähli meseleler çözüler, sizi wagtlaýyn kynçylyklardan azat eder. Häzirki wagtda islendik adam bilen sazlaşykly gatnaşyklar mümkin.

 

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Dowamly, birsydyrgyn bolmaga synanyşmaň, isleýän zatlaryňyza çalt ýetmek ugrunda howlukmaň. Özüňize düşünmek we güýçli taraplaryňyza baha bermek üçin wagt gerek bolar. Uzakdaky garyndaşlaryňyzdan ýa-da dostlaryňyzdan gowy habar eşidip bilersiňiz.

 

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Ähli meseleleri  aňsatlyk bilen çözmegi başararsyňyz. Häzirki wagtda üstünlik gazanmagyň açary, yhlas we isleýän zadyňyzyň yzynda ylgamakdyr. Islegleriňizi ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp bilmersiňiz. Agyr işden gysga wagtlyk dynç almak size we ýakynlaryňyza peýdaly bolar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Köne dostlar bilen ýakymly duşuşygyň ähtimallygy gaty ýokary bolar. Garyndaşlar bilen gatnaşyklar şu gün has-da gowulaşar. Günüň ikinji ýarymynda saglygyňyza üns beriň, sport bilen meşgullanyň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Üstünlik diňe özüňe bagly bolar. Häzirki wagtda islendik meselede daş-töweregiňizdäkileriň kömegine bil baglamaň. Öňki lapykeçlikler we gahar-gazaplar gutarar, siz ýene güýçlenersiňiz, durmuşa bolan höwesiňiz artar. Şahsy durmuşyňyzda hemme zat gowy bolar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Işiňizde çözmeli boljak meseleleriň meýilnamasyny düzüň. Emma ony, şahsy durmuşyňyz bilen baglaşmaz ýaly wagtda goýuň. Maşgalaňyz özleri bilen has köp wagt geçirmegiňizi islär. Şonuň üçin işjeň maşgala dynç alyşyny guramak bu gün aýratyn lezzet we peýda getirer.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Häzirki wagtda saglyk näsazlyklary mümkin. Beýlekiler bilen gatnaşyklaryňyza täsir edip, keýpiňiz çalt ýaramazlaşyp biler. Özüňiziň aladaňyzy ediň we iýmitiňize üns beriň. Ýaramaz duýgulary saklaň. Ýakynlaryňyzyň prowokasiýalaryna boýun egmäň, gapma-garşylykdan gaça duruň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Her dürli garaşylmadyk ýagdaýlara duçar bolup bilersiňiz. Hatda kelläňizi ýitirip bilersiňiz, emma duýgularyňyzy saklamak ukyby size uly peýda getirer. Maliýe ýagdaýyňyzyň gowy bolmagy we gyzgyn maşgala söýgüsi bu gün sizi has-da begendirer.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Şahsy gatnaşyklaryň ösmegi üçin amatly döwür dowam edýär. Bu gün şahsy durmuşyňyzdaky meseleleri çözüp bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, möhüm bir karara gelmezden ozal hemme zady üns bilen ölçemegi ýatdan çykarmaň. Çünki ýalňyş edilen hereketden soň ýagdaýy düzetmek kyn bolar. Her niçigem bolsa, asuda görünmäge synanyşyň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Işdeş kärdeşleriňiziň tekliplerini äsgermezlik etmäň. Ýöne olara gatybir çynyňyz bilen ynanybam oturmaň. Siziň paýhaslylygyňyz we öňdengörüjiligiňiz dogry ýoly saýlamaga kömek eder. Belki, iň uly arzuwyňyzy amala aşyryp bilersiňiz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Öňünden meýilleşdiren işiňizi amala aşyrmak üçin bu gün gaty gowy gün. Hyýalbentlik we emosional durnuksyzlyk maliýe ýitgilerine sebäp edip biler. Öz düşünjäňize, ugurtapyjylygyňyza has köp bil baglaň. Iň ýakyn adamlaryňyzyňam pikirine ynanmaň – olar ýalňyş bolup biler.

Norwegiýada dünýä çempionaty  başlandy

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama