SIZDEN GELENLER

3-nji mart – Bütindünýä ýabany tebigat güni

Birleşen Milletler Guramasynyň halkara baýramçylyklar senenamasynda 3-nji mart Bütindünýä ýabany tebigat güni hökmünde bellenilýär.

Bütindünýä ýabany tebigat güni – ýabany tebigatyň dürlüligini we gözelligini açyp görkezmäge mümkinçilik döredýär we tebigaty goramak çäreleriniň adam peýdasy barada habardarlygy ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Mundan başga-da, bu gün daşky gurşawy we ýabany tebigaty goramaga garşy göreşmegi güýçlendirmegiň zerurdygyny ýatladýar. Biodürlüligiň ýitmeginiň öňüni almak BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň hatarynda durýar.

2022-nji ýyldaky Bütindünýä ýabany tebigat gününiň mowzugy “Ekoulgamy dikeltmek üçin haýwanlaryň esasy görnüşlerini dikeltmek” bolup, ýabany haýwanat we ösümlik dünýäsiniň ýitip barýan görnüşlerini goramagyň ähmiýetini açyp görkezmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda ýabany haýwanat we ösümlik dünýäsiniň 8400-den gowrak görnüşine ýok bolmak howpy abanýar we ýene 30000 töweregi görnüş howp astyndadyr.

 

Resul Keljäýew, S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

THY: Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün

Ýylyň şygary – milli buýsanjymyzyň ykrary

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy