BIZNES

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

9 AÝDA 6.3 GÖTERIM ÖSÜŞ GAZANYLDY

Şu ýylyň dokuz aýynyň makroykdysady görkezijileri ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüşiň saklanyp galynýandygyny görkezýär. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň sebitleriniň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar.

Şunuň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy. Şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 5 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Bölek satuw haryt dolanyşygy 13,2 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8,5 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 222 birža söwdasy geçirilip, olarda 21 müň 581 şertnama hasaba alyndy.

Şu ýylyň dokuz aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 116,9 göterime deň boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2 göterime, senagat önümleriniňki 105 göterime deň boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen-emirlik işewürler forumy: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri

Türkmen-horwat işewürlik forumy geçiriler

Wengriýa türkmen gazyny satyn almak bilen gyzyklanýar

Hytaý kagyz demir ýol biletlerinden ýüz öwürdi

Astrahan – Türkmenbaşy göni howa gatnawy mümkinçiligine garaldy

Hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçiriler

Ata Watan Eserleri