Düýn paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, goňşy owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna dokma, azyk önümleri, egin-eşikler hem-de durmuşda zerur bolan beýleki önümler ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugradyldy. Türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýaly gadymdan gelýän ýagşy dessury kömege mätäçlere howandarlyk goluny uzatmak ýörelgeleri arkaly dowam etdirilýär.
Owganystanda bolan ýertitreme zerarly ejir çekenlere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi hem ýurdumyzda şeýle asylly ýörelgelere möhüm ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek äşgär edýär.
Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyrynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy hem barha işjeňleşdirýär, kömege mätäçlere yzygiderli hemaýat-goldaw berýär. Munuň özi Owganystanda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän gazna tarapyndan iberilen ynsanperwerlik ýükleriniň mysalynda-da öz beýanyny tapdy. “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň ýük uçary Aşgabat — Kabul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyryp, goňşy ýurtda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere niýetlenen dürli önümleri we harytlary owgan halkyna ýetirdi.
Goňşy ýurtda Türkmenistandan ugradylan ynsanperwerlik ýüküni kabul etmek çäresi ýakymly pursatlara beslendi. Oňa gatnaşyjylar owgan halkyna yzygiderli kömek-goldaw berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler.