DÜNÝÄ

29-njy iýunda Hazar sammiti geçiriler

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde 29-njy iýunda geçirilmegi göz öňünde tutulan Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Aşgabat sammitiniň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundna beýläk-de pugtalandyrmaga degişli meseleleriň toplumy giriziler.

Şeýle hem forumyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilmegi meýilleşdirilýär. 28-nji iýunda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahaty hem sammite taýýarlyk meselelerine bagyşlanar.

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde gol çekildi. Bu resminama dürli ulgamlarda Hazar deňzindäki özara gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kesgitleýär.

 

Ýurdumyzyň BaÅŸ drama teatryna “akademiki” hukuk derejesi berildi

Ýene-de okaň

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi