DÜNÝÄ

Palestina Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Rana Abu Hijleh bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

R.Meredow Palestinanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy bilen bagly meselelere degip geçdiler, şeýle hem gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürilmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Diplomatlar döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklaryny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi türkmen-palestin hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýene iki dalaşgär hödürlendi

Tramp içerki howpsuzlyk ministrini üýtgetmek kararyny mälim etdi

Türkmenistanyň ilçisi Ýewropa Parlamentinde brifing geçirdi