Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän parasatly syýasaty netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda, milli ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Uzaklary nazarlaýan bu ulgamy dünýä derejesine laýyk döwrebaplaşdyrmagyň maksatnamalary giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Bu ugruň hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak, ýaşlary okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, mazmunyny has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, ylym-bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylýar, okuw mekdepleri häzirki zaman kompýuterleri, multimedia, lingafon enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk ýola goýmakda, ýaş nesle döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha esaslanýan işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň taryhy döwürleriň dowamynda durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, şonuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesinden peýdalanmak däbe öwrüldi.
Dünýäniň iň täze tejribeleri bilen birlikde, ylym-bilim ojaklarynda ylmyň soňky gazananlary öwrenilýär. Şonuň netijesinde hem ýurdumyz dünýäniň ylmy ösüşleri bilen aýakdaş barýar. Elbetde, dünýäniň ylmy edebiýatlaryny bilmek, okamak üçin dünýä dillerinden habarly bolmak gerek. Bu ugurdan hem ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär.
Dünýä dilleri bolan iňlis, rus dillerini, şonuň ýaly-da, ýapon, hytaý, fransuz dillerini öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Bu diller boýunça ýörite ýokary okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde sapaklaryň geçilmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi ýaş nesliň alan bilimleriniň has-da kämil bolmagyna oňat ýardam edýär. Şonuň üçin daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlarymyz, dünýäniň ylmy edebiýatlaryndan habarly alymlarymyz has-da köpelýär diýip aýtmak bolýar.
Dil bilmek ylymlaryň açarydyr. Dünýä dillerini, ene diliňi bilmek dürli kitaplar bilen tanyş bolmaga mümkinçiligiňi artdyrýar. Şeýle hem ene dilini oňat bilýänleriň pikir ýöredişi, beýan edişi has-da many-mazmunly bolýar. Şonuň üçin hem nesillerimize berýän bilimimiz ene dilimiziň baýlyklary bilen utgaşdyrylmalydyr. Dili, dilleri öwrenmek döwrüň talaby. Çünki dostluk, gatnaşyk, hyzmatdaşlyk dil bilmekden başlanýar. Türkmen ýaşlary muňa oňat göz ýetirýärler. Häzirki wagtda ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini uly höwes bilen öwrenýärler.
Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Bilim ojaklarynyň kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary, tehniki serişdeler bilen üpjünçiligi ýokarlanýar. Mugallymlaryň iş we durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär. Mekdebimizde bilim işgärleriniň iş şertlerini we mümkinçiliklerini gowulandyrmakda edilýän yhlas-tagallalaram ýerine düşüp, olaryň has netijeli zähmet çekmeklerine ýardam edýär.
Milli Liderimiziň: “Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys, biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn” diýip, nygtamagy islendik hünärde zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlary geljekde has-da yhlasly, tutanýerli işlemäge, okamaga borçly edýär. Munuň üçin bilim işgärleriniň tejribesiniň, yhlasynyň ýeterlik bolmagy hökmanydyr. Hut şonuň üçin hem biz — mugallymlar Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, kämil ynsanlar bolup kemala gelmegi üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda oňyn başlangyçlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Eziz Watanymyzyň bagtly geljegine gönükdirilýän tutumly işleri hemişe rowaçlyga beslensin!
Seýit Bäşimow,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
Türkmen dili we edebiýaty usuly birleşmesiniň mugallymy.