Adamyň saglygy jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda zyýanly endiklere garşy çäreler alnyp barylýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagynda, bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolamagynda, ýokary netijeli sportuň we olimpiýa hereketiniň ösmeginde hormatly Prezidentimiziň nusgalyk görelde görkezýändigi has hem guwandyryjydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmakda ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan adam baradaky çäksiz alada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr!», Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen baş şygary bilen utgaşýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy» türkmen halkynyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn jemgyýetimizi mundan beýläk-de berkitmäge oňyn netijesini berýär.
Çilim çekmek saglyga örän zyýanly. Çilim çekmek endik bolup köplenç nikotin bedeniň himiki garşylylygyna öwrülmegi netijesinde kesele öwrülýär. Adam bedeni nikotiniň yzygiderli berilmegini talap edende, bu keseliň eýýäm doly emele gelendigini görkezýär. Çilimiň tüssesinde 3000 dürli himiki birleşmäniň bardygyny subut edilýär. 20 sany çilimde ortaça 130 mg nikotin bar. Temmäkiniň tüssesinde 60 dan gowrak konserogen saklanýar. Olardan başgada radioaktiw maddalary hem öz içine alýar. Bir ýylyň içinde çilimkeşiň dem alyş ýollaryndan ortaça 81 kg temmäki öýkene barýar.
Çilimiň tüssesinde zäherli himiki maddalaryň 400-den gowragynyň bardygy mälimdir. Olaryň 43-si dürli beden agzalarynyň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagyna getirýär. Çilim tüssesinde köp mukdarda dürli himiki maddalaryň bardygy ylmy taýdan anyklanyldy. Şolaryň hiç birisinden hem adam bedenine haýyrlysy ýokdur, gaýtam olaryň hemmesi zyýanlydyr. Olardan adam bedenini has agyr zäherleýänleri – nikotin, katran, karbon monooksidi düwnük – bokurdagyň we gyzylödegiň howply täzedöreme kesellerini emele getirýän kanserogen maddalardyr.
Çilim çekmek endigi bilen näçe ir hoşlaşsaň, saglygy dikeltmek mümkinçiligi şonça-da köpelýär. Beden agzalarynyň we ulgamlarynyň işi dikelýär, dem almak, iýeniňi siňdirmek ýeňilleşýär, üsgülewük, myşsa agyrysy aýrylýar, arterial gan basyşy, puls kadalaşýar, deri, saç, dyrnaklar sagdynlaşýar, nerwler rahatlanýar, fiziki we akyl zähmetine işjeňlik ýokarlanýar.
Her ýylyň 31-nji maýynda BSGG we onuň hyzmatdaş döwletleri Temmäkä garşy bütindünýä göreş gününi belleýärler.
Şeýle zyýanly närse baş goşmak, onda-da Watanyň ertirki geljegi bolan ýaşlaryň baş goşmagy zerur halatda öňüni alynmaly ýagdaýdyr. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz uly aladalary edýär.
«Döwlet adam üçindir!» diýen şygary ýörelge edinýän Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän şeýle giň we döwrebap şertleri üçin saglygy goraýyş işgärleri ak ýürekden alkyş aýdýarlar.
Gülistan Annaýewa,
I. Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
Ýokanç keselleri we epidemiologiýa dersiniň mugallymy.