Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Egerde araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, resminamalaryň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 28 -nji oktýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Töwekgelçilik etmekden gorkmaň – häzirki wagtda töwekgelçilikli hereketler meýilleşdirmeklikden has köp peýda getirer. Dostlaryňyz bilen gezelençlerden we duşuşyklardan ýüz öwürmäň. Bu gün olar öndürijilikli we peýdaly bolar. Bu gün täze tanyşlyklary açmak, meýilnamalary durmuşa geçirmek we meýilleşdirýän gyzykly pikirleriňiz üçin amatlydyr.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Işlere howlukmaň we beýleki adamlaryň işine goşulmaň. Sowurlar, häsiýetini görkezip, maksadyna ýetmegi başarsa, bu gün diýseň üstünlikli bolar. Geljek üçin meýilnamalaryňyzy üýtgetmäň – bu size peýdaly bolar we has çalt üstünlik gazanmagyňyza kömek eder, esasanam hemme zady uzak wagtlap pikir eden bolsaňyz.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jedellerden ägä boluň – häzirki wagtda duşmanlar bilen gatnaşyklaryň hasam agyrlaşmagy ähtimal. Işleriňize has köp üns beriň – ol bu gün size köp gowy habarlary getirer. Bu gün, iş we güýçli işjeňlik üçin amatlydyr.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Islendik meseläni we kynçylyklary çözmek üçin asuda we amatly gün. Mümkinçilikleriňize obýektiw baha berseňiz, islegleriň ýerine ýetirilmegi we üstünlik siziň hemraňyz bolar. Ýakynlaryňyza has köp üns beriň – olar siziň hoşniýetliligiňize ýokary baha bererler we özüňizi gödek we ulumsy alyp barmasaňyz, islendik kynçylyklary we dawa-jenjelleri ýeňip geçmäge kömek ederler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Irden ünsli boluň – öwrenýän habarlaryňyz size diýseň peýdaly bolar. Ugruňyzy üýtgetmekden gorkmaň – ähli zada üns berseňiz, islendik kynçylyklary we şowsuzlyklary ýeňip bilersiňiz. Esetlere häsiýet we ynam duýgusyny görkezmek maslahat berilýär.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Täze zatlara başlajak bolmaň – meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmegiň ýolunda ýeňip bolmajak kynçylyklar ýüze çykyp biler. Sünbülelere köne işini tamamlamak we hereketleri hakda pikirlenmek maslahat berilýär. Dynç alyň we ähli päsgelçilikleri we kynçylyklary özbaşdak çözmäge synanyşyň – bu gün muny başararsyňyz.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Esasanam irden islegleriňize we duýgularyňyza üns beriň. Bu gün köp zat amala aşar we hiç zat almajakdygyňyzy pikir etseňizem netijeden kanagatlanarsyňyz. Ugry üýtgetmekden gorkmaň – häsiýet görkezseňiz we öz pikiriňize ýapyşsaňyz, islendik meseläni çözüp bilersiňiz.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Hemme zadyň çalt netije bermegine garaşmaň. Garaşylmadyk ýagdaýda garaşylmadyk duşuşyklar, tanyşlyklar we dürli öwrümler bolup biler. Ugry üýtgetmekden gorkmaň – käbir ýagdaýlarda meýilnamalaryňyzy birneme düzetmeli bolarsyňyz. Syýahaty yza süýşüriň we özüňize pikirlenmäge mümkinçilik beriň – howlukmaçlyk hiç hili gowy zat getirmez.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Çalt üstünlik gazanmak hakynda arzuw etmäň. Bu wagt ýyldyzlar kowuslara meýilnamalary barada täzeden oýlanmagy maslahat berýärler. Ugry üýtgetmekden gorkmaň – käbir ýagdaýlarda ol diýseň peýdaly bolar. Möhüm meseleleri yza süýşüriň we hemme zady ölçemäge synanyşyň – iň soňky pursatda pikiriňizi üýtgedersiňiz ýa-da bir zatlardan ýüz öwürersiňiz.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Daşardan kömege garaşmaň ýa-da käbir päsgelçilikleri çalt ýeňip geçjek bolmaň. Bu gün kyn meseläni goýup, has ýönekeý zatlary etseňiz gowy bolar. Bu gün köp zat üýtgär ýa-da tanyş ýagdaýa başgaça seredersiňiz. Hiç zada howlukmaň we gündelik iş bilen meşgullanyň. Bir işi tamamlamaklyk üçin bu gün amatsyz bolar.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Aktiw boluň, ýöne ölçegli ýagdaýda. Bu gün duýgularyňyza gözegçilik etmegi bes edip, has artykmaç hyjuw görkezip bilersiňiz. Çalt hereket ediň, ýöne pikirlenmegi ýatdan çykarmaň – bu sizi ýalňyşlyklardan we oýlanyşyksyz hereketlerden halas eder. Hemme zady dogry eden bolsaňyz, garaşylmadyk üstünliklere ýa-da meýilnamalaryňyzy we işleriňizi tassyklaýan adam bilen duşuşyga garaşyň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Başgalaryna bil baglamaň – bu gün käbir meseläni özbaşdak çözmeli bolarsyňyz. Batyrlygy we tutanýerliligi görkezmekden gorkmaň – bu size kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek eder. Ähli zady dogry eden bolsaňyz, size niredir bir ýerlerden täze ylham geler we özüňizde düýbünden täze potensialy açarsyňyz.