Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Mähriban okyjylar! Siz islendik täleýnamaňyzyň suratynyň üstüne basyp ol baradaky doly maglumatlary, ýyldyzlaryň häsiýetnamasyny okap bilersiňiz.
Bu gün islendik başlangyçlaryňyz şowsuz bolar. Gowsy siz saklanyň we daş-töweregiňize ünsli serediň. Siziň düýşüňiz hakykat bolup biler we ýakyn geljekde amala aşmagy gaty ahmaldyr.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Sowurlaryň bu gün şahsy durmuşynda uly üýtgeşmeleriň bolmagyna garaşylýar. Özüňize we ýakynlaryňyza jogapkärçilik duýgusy sizi üstünlige ýetirer. Kesgitli boluň. Ykbalyň durnuklylygyna üns bermäň. Ol hemişe beýle bolup durmaz.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Garşy jyns agzalary bilen hyzmatdaşlyk şu gün gaty netijeli bolar we özara kanagat getirer. Jöwzalaryň ýalňyz wekillerine geljegi uly duşuşyklar, gyzykly, ýöne gysga tanyşlar garaşýar. Ýagdaýa baglylykda özüni alyp barşyň taktikasyny üýtgetmek ukyby size üstünlik gazanmaga kömek eder.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Ýyldyzlar şu gün çynlakaý iş gepleşiklerine başlamagy maslahat bermeýärler – öý we şahsy meseleleri çözmeli bolarsyňyz. Ykbal sizi çydamlylykda synap görýär – garaşylmadyk boljak bir waka siziň peýdasyna däl bolmagy mümkin.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün hünär işjeňligi we şahsy gatnaşyklardaky düşünişmezlikler bilen baglanyşykly kynçylyklar bolar. Hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyk gurmak, täze işe başlamak üçin amatsyz gün. Şu gün wadalardan, gereksiz gepleşiklerden we kagyz resminamalaryna gol çekmekden gaça durmaga synanyşyň. Saglygyňyza ýa-da ýakynlaryňyzyň saglygyna üns beriň. Hut şu gün iýmit doly siňdirilýär we dokumalara öwrülýär. Süýt tagamlaryny ileri tutuň, ýagly iýmitlerden saklanyň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu günki ýyldyzlar size esasy zada ünsi jemlemegi we ownuk-uşak zatlardan ünsüňizi sowmagy maslahat berýär. Hünär işjeňligindäki kynçylyklar ýa-da geçen ýalňyşlyklaryňyzy düzetmek ähli wagtyňyzy alar. Bu gün özüňize fiziki agram salmak howpludyr. Emläk bilen baglanyşykly kynçylyklaryň bolmagyna garaşylýar. Öz zatlaryňyza aýratyn üns beriň.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Işe çynlakaý gatyşyň. Ýaman niýetlileriň hyjuwlary ýa-da öz ýalňyşlyklaryňyz siziň maksadyňyza ýetmegiňizi kynlaşdyrar. Söýgi gatnaşyklarynda belli bir ýokarlanma bar, ýöne garaşylmadyk habar sizi wagtlaýyn söýgi başdan geçirmelerini ýatdan çykarar. Seresapsyz şikeslerden ägä boluň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Jedellerde özüniňkini dogry tutmak we ynandyryjylyk islendik işde üstünlik getirer. Ähli zada ünsli boluň we edýän işiňize ynamly boluň. Emma, aşa özdiýenli bolmaň, ýogsam agalyk etmek islegiňiz, özüňize bolan uly ynamyňyz garyndaşlaryňyzyň ýa-da ýakynlaryňyzyň nägileligini döredip biler.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Şu gün ýyldyzlar täze, peýdaly hyzmatdaşlar bilen duşuşmagy ýa-da işiňizde üstünlik gazanmagy wada berýär. Döredijiligiňizi doly beýan edip bilersiňiz. Ylhamyňyz geler, bu bolsa täze açyşlary etmeklige, üýtgeşik pikirleri orta atmaga ýardam berer. Ynamyňyz ep-esli artar.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Bu gün dost-ýarlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzda ýa-da öý işleriňizde birneme kynçylyklar bolar. Ykbalyň taýýarlan synaglary size ýakyn ýa-da ynamdar adamyň kömeginden, maslahatyndan peýdalanmaga mejbur eder. Bu zatlar size kynçylykdan baş alyp çykmaga kömek eder. Saglyk ýagdaýyňyza, iýmitiňize gowy serediň. Düýşüňiziň çyn bolmagy ahmal we bir hepdäniň dowamynda amala aşyp biler.
Islendik iş, aragatnaşyk, maşgala gatnaşyklaryny başlatmak üçin amatly gün. Bu gün möhüm meseleleri ýa-da köne ýalňyşlyklary düzedip bilersiňiz. Täze tanyşlygyň ýa-da romantiki başdan geçirmeleriň ähtimallygy ýokary. Irden howa bulutly bolsa, arzuw hasyl bolar.
1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni bellener