Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Öňden bäri meýilleşdirip ýören işiňizi amala aşyrmak üçin erbet gün. Günüň birinji ýarymynda iş ýygnaklaryny meýilleşdirmezlige synanyşyň – özüňizi alyp barşyňyzda ýalňyşlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz. Duýdansyz keýpiň üýtgemegi mümkin. Saglygyňyzyň ýagdaýyna hem üns beriň, dogry iýmitleniň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün siz gaty işli bolarsyňyz. Maddy abadançylyga ýetmäge gönükdirilen agyr iş, sizden goşmaça güýç talap eder. Dynç almaň we ownuk-uşak zatlara ünsüňizi çekmäň. Ähli ünsüňizi maliýe ýagdaýyňyzyň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen işewürlik meselelerine bagyşlamak maslahat berilýär. Häzirki gözden düşüren zatlaryňyzy geljekde ele almak gaty kyn bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Esasanam pul bilen baglanyşykly hereketleri etmeli däl. Ähli resminamalary tertibe salyň. Bu wagt üns bermeýän, islemeýan zadyňyz öňüňize gelip biler. Bu ýagdaý bolsa, abraýyňyza uly zyýan ýetirip biler.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Synag möhleti tamamlanýar. Siziň hereketleriňiz göze görnüp duran oňyn netijeleri berip biler. Duýgular we emosional durmuş baýlaşar we pikirler has anyk bolar. Ähli işleriňizde bu gün size üstünlik garaşýar. Bu gün bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin has gowudyr.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esasy gazançlary etmek, ähtnamalaryň, şertnamalaryň, geleşikleriň baglaşylmagy üçin amatly gün. Häzirki wagtda siziň üçin amatly döwür dowam edýär. Energiýaňyzy jemläp, ähli kynçylyklardan dogry çykalga tapyp bilersiňiz. Häzirki wagtda siz üçin jaýy abadanlaşdyrmak, emläk satyn almak üçin amatly döwür dowam edýär. Günüň ikinji ýarymy, abadançylygyň ýaramazlaşmagy bilen çylşyrymlaşyp biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün durmuşyň iş tarapy bilen doly kanagatlanarsyňyz. Hünär işjeňliginde zähmetsöýerligiňiz bilen özüňizi doly tanap bilersiňiz. Sünbüleleriň köpüsine soňky döwürde ýüze çykan meseleleri çözmäge, daşky gurşawyny gowulaşdyrmaga we özlerini üýtgetmäge mümkinçilik bolar. Günortan ýakynlaryňyzyň hereketleri göwnüňizden turar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Şübhe we ynamsyzlyk, abadançylygyňyz bilen bagly iň kiçi aragatnaşyklary hem etmegiň öňüni alar. Häzirki işleriň üstünde durmak size kyn bolar. Bu, güýçleriň we duýgularyň aýdyňlygyny we bolup geçýän zatlara düýpli baha bermegiňizi talap eder. Çydamsyzlykdan dynyň, özüňizi erkin we asuda alyp barjak boluň.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Örän möhüm kararlary bermeli bolarsyňyz. Mundan başga-da, köp meseläni şol bir wagtda çözmeli bolarsyňyz. Ünsli we seresap bolmaly, gereksiz gepleşiklerden gaça durmaly, sebäbi indi olar birek-birege gaharlanmakdan başga zat getirmez. Güni öýde maşgala bilen baglanyşykly işlere bagyşlaň. Maşgala dawalaryna girmäň. Çagalara we olaryň saglyklaryna goşmaça üns beriň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Uzak möhletli meýilnamalar düzüp, wada berip bilmersiňiz. Nika, şertnama we geleşikleriň baglaşylmagy üçin bu gün amatsyz. Duýgularyňyza gözegçilik ediň, hiç kimiň göwnüne degmäň, haýyşlary ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp bilmersiňiz. Paýhas we sabyrlylygy görkeziň – bu, eziz adama degişlilikde gödek hereketlerden gaça durmagyň ýeke-täk usulydyr. Saglygyňyz bilen baglanyşykly problemalar ähtimal. Dynç almak häzirki wagtda diýseň zerurdyr.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Göwnüňizde beslän arzuwlaryňyz hakyky ýagdaýy gizlän bolsa, maliýe pudagynda şowsuzlyklaryň bolmagy gaty ähtimal. Özüňizi we töweregiňizdäki adamlary has tankytlaň. Sizden alada we deňagramlylyk talap edilýär.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Kararyňyzyň dogrulygyna şübhelenýän bolsaňyz, öz duýgyňyza ynanyň – bolup geçýän zatlaryň hemmesine gaty gowy düşünýändigiňiz sebäpli, siz ruhdan düşmersiňiz. Ýolbaşçylar bilen çekeleşikden gaça duruň we hiç kime borçly bolmajak boluň. Belki, ozal ýaran hasap etmedik adamlaryňyz bilen hem goldaw we düşünişmek bolup biler.
Uly taslamalara pul goýup, satyn almak üçin amatsyz gün (olar gaty şowsuz bolup biler). Karz almaň we karz bermäň. Bu gün ýalňyzlyk we bütin dünýäden daşlaşmak duýgusy bolup biler. Bu, hiç kime ýa-da hiç zada ynanyp bilmezligiňiziň miwesidir. Bu hakda pikirlenmeli bolarsyňyz. Günüň ikinji ýarymyny maşgalaňyza, söýgiňize mätäç çagalara bagyşlap, ähli şahsy işleri wagtlaýynça yza goýjak boluň.
“Gap InÅŸaat” Türkmenistanda täze saglyk merkezlerini gurar