BIZNES

Türkmenistanda täze dokma toplumy gurlar

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda nah ýüplük, nah we tüýjümek matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasbaat berdi.

Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda nah ýüplük, nah we tüýjümek matalary, taýýar tikin önümlerini öndürýän dokma toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.

Bu täze toplumyň gurulmagy importyň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini öndürmäge, olary eksport etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna toplumyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatyny ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalaryň yzygiderli işe girizilýändigini, olarda öndürilýän ýokary hilli dokma önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda dokma toplumyny gurmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar