SPORT

Ronaldo iň köp gazanan futbolçy

“Forbes” žurnaly  2024/25 möwsüminde iň köp girdeji gazanan futbolçylaryň sanawyny çap etdi.
Reýting klublardan alýan girdejilerini (aýlyk haklaryny, bonuslary we käbir ýagdaýlarda surat hukuklaryndan gelýän girdejileri), şeýle hem futbol däl çärelerden (mahabat şertnamalaryny we iş girdejilerini) hasaba alýar.
Kristiano Ronaldo 285 million dollarlyk möwsümdäki umumy girdejisi bilen sanawda birinji orunda durýar.
2024/25-nji möwsüminde dünýäde iň köp girdeji gazanan 10 futbolçy:
1. Kristiano Ronaldo (“Al-Nasr”) – 285 million dollar (klubdan 220 million girdeji, futbol däl çärelerden 65 million girdeji);
2. Lionel Messi (“Inter Maýami”) – 135 million (60 + 75 million. MLS senenamasy sebäpli girdeji möwsüm üçin däl-de, 2024-nji senenama ýyly üçin görkezilýär);
3. Neýmar (“Al-Hilal”) – 110 million (80 + 30 million);
4. Karim Benzema (“Al-Ittihad”) – 104 million (100 + 4 million);
5. Kilian Mbappe (“Real Madrid”) – 90 million (70 + 20 million);
6. Erling Haaland (“Mançester Siti”) – 60 million (46 + 14 million);
7. Winisius Junior (“Real Madrid”) – 55 million (40 + 15 million);
8. Mohamed Salah (“Liwerpul”) – 53 million (35 + 18 million);
9. Sadio Mane (“Al-Nasr”) – 52 million (48 + 4 million);
10. Kewin de Bruýne (“Mançester Siti”) – 39 million (35 + 4 million).

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri