DÜNÝÄ

Eýranyň täze hökümeti: 13 ýyldan soňra zenan ministr

Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkian täze hökümet üçin 19 sany dalaşgärleri ministrlikleriň ýolbaşçylary üçin hödürledi. Hödürlenen dalaşgärler ýurduň parlamentiniň ýörite topary tarapyndan öwrenilenden soňra umumy mejlisde ara alnyp maslahatlaşylar.

Eýranyň Ministrler Kabinetiniň täze düzüminiň dalaşgärleriniň ortaça ýaşy 60 ýaşdan pesdir. Iň ýaş ministr dalaşgäri 1976-njy ýylda doglan, iň ýaşy ulusy 1957-nji ýylda doglandyr.

Şeýle hem 13 ýyldan gowrak wagtdan soňra zenan maşgalada ministr wezipesine dalaşgär görkezildi.

Şeýle hem 19 sany ministrlik wezipesi üçin 14 dalaşgär ilkinji gezek bu wezipä hödürlenýär.

HÖDÜRLENEN DALAŞGÄRLER:

Bilim ministri: Alireza Kazemi

Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministri: Sattar Haşemi

Howpsuzlyk ministri: Ismail Hatib

Ykdysadyýet we maliýe ministri: Abdolnaser Hemmati

Daşary işler ministri: Abbas Aragçi

Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilimi ministri: Mohammadreza Zafargandi

Korporatiwler, zähmet we durmuş üpjünçilik ministri: Ahmad Meýdari

Oba hojalyk ministri: Golamreza Nuri Gezelçe

Adalat ministri:Amin Hoseýn Rahimi

Goranmak ministri: Aziz Nasirzade

Ýol we şäher ösüşi ministri: Farzane Sadeg

Senagat, dag magdan senagaty we söwda ministri: Mohammad Atabek

Ylym, barlag we tehnologiýa ministri: Hosseýn Sarraf

 Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri: Abbas Salehi

Içeri işler ministri: Eskandar Momeni

Sport we ýaşlar ministri: Ahmad Donýamali

Energetika ministri: Abbas Aliabadi

Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri:Seýed Reza Salehi Amiri

Nebit ministri: Mohsen Paknejad

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy maslahatlaşyldy

Şalwa Papuaşwili: Türkmenistan bilen ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-BAE işewürler forumyny Aşgabatda geçirmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk işleri işjeň tapgyrda dowam edýär

Türkmenistan-Zimbabwe: syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň üýtgeşik tebigy desgalary ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamalaryna giriziler