DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Filippinlere sapary

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäginde Manilada Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Filippinler tarapyna Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ASEAN işleri boýunça sekretarynyň orunbasary Mariýa Tereza Lazaro ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli möhüm ugurlary, şol sanda syýasy we diplomatik gatnaşyklar, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça pikir alşyldy.

Taraplar sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga möhüm itergi berýän ýokary derejede yzygiderli aragatnaşyk saklamagyň möhümdigini bellediler.

Geňeşmeleriň çäklerinde parlament diplomatiýasynyň möhüm orny nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, parlamentara dialogyň has-da güýçlendirilmegi barada umumy pikirler aýdyldy.

Söwda we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek babatda bolsa, diplomatlar energetika, ulag we logistika, oba hojalygy we ş.m. pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler, söwda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny seljerip, taraplar import we eksport mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Taraplar, ynsanperwer we medeni ugurlardaky gatnaşyklaryň halklaryň ýakynlaşmagyna goşant goşýan aýrylmaz faktor hökmünde ähmiýetine ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler sekretary Enrike Manalonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onuň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Türkmenistan wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäginde Filippinler Söwda-senagat palatasynyň wise-prezidenti Jude Aguliar arasynda duşuşyk geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmen-owgan ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi

Gyrgyzystanyň bilim we ylym ministriniň Aşgabada iş sapary guralar

Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy maslahatlaşyldy

Şalwa Papuaşwili: Türkmenistan bilen ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-BAE işewürler forumyny Aşgabatda geçirmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk işleri işjeň tapgyrda dowam edýär