Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 23-nji maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Şahsy durmuşyňyzda garaşylmadyk kynçylyklardan ägä boluň. Öz kemçilikleriňizi tankytlamaga synanyşyň we ýoldaşyňyza barha artýan talaplary öňe sürmäň. Iň bulaşyk ýagdaýdan çykalga tapmaga kömek etjek ajaýyp duýgyňyz bar. Çagalar bilen gatnaşyklara üns beriň. Bu gün agşam olar bilen bile bolmak mümkinçiligini elden gidirmäň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Maliýe ýagdaýyňyzy gowulaşdyrmak ýa-da garşydaşlaryň hilelerinden gaça durmak üçin bir mümkinçilik bar. Günüň ikinji ýarymynda özüňizi has erbet, depressiýa, kelle agyryly duýup bilersiňiz. Ujypsyzja maliýe kynçylyklary we öý işleri bilen ýüzbe-ýüz bolmagyňyz mümkin. Spirtli içgileri içmäň, iýmitiňize üns beriň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Ýyldyzlar jöwza erkeklerine işjeň fiziki güýjüň zerurdygyny aýdýarlar. Agşam özüňizi gowy duýman bilersiňiz. Spirtli içgileri içmek we çenden aşa ýagly etli tagamlary iýmek maslahat berilmeýär. Jöwza zenanlary gyzykly duşuşyga garaşýarlar. Täze romanyň döremegi ýa-da köne gatnaşyklaryň täzeden başlamagy hem ahmaldyr.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Hyzmatdaş hakda ýalňyş pikirler ýa-da ýagdaýa nädogry baha bermek maliýe ýitgilerine sebäp bolup biler. Ýürek meselesinde garaşylmadyk bir çylşyrymlylyk göz öňünde tutulýar. Sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen täze pikirleriň ýa-da hereketleriň bozulmagynyň, aragatnaşykda düşünişmezlikleriň dawa-jenjeliň döremegine sebäp bolmagy mümkin.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün köpçülikleýin hereket etmek üçin amatsyz – diňe şahsy iş peýdaly, ýöne hakykatçyllygyňyzy ýitirmeli dälsiňiz. Bu gün meýilnamalaryňyzyň köpüsi durmuşa geçirilip bilinmezligi mümkin. Özüňize aşa köp ynamlylyk kynçylyk döredip biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Sünbüleleriň köpüsinde täze bir özüne çekiji tanyşlyk bar bolsa gerek. Ýöne söýgi başdangeçirmelerine howlukmaň. Häzir ykbal size maksada okgunlylyk we ýumşaklyk synagyny iberýär.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Işjeň, döredijilik güni, diýseň dartgynly bolar. Bu gün has berk saklanmaga synanyşyň – özüne çekiji teklipler bilen gyzyklanmaň, tötänleýin tanyşlyklardan gaça duruň, töwekgelçilikli işe baş goşmaň. Garaşylmadyk habarlar meýilnamalaryňyza täzeden garamaga mejbur edip biler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Durmuş potensialy azalýar. Şikesler, nätanyş adamlar ýa-da hökümet işgärleri bilen baglanyşykly uly kynçylyklar bolup biler. Maşgala agzalary bilen gatnaşyklaryň agyrlaşmagy ýa-da dostlar bilen dawa-jenjel hem aradan aýrylmaýar. Höwesleriňizi dowam etdirmäň, duýgulary saklaň. Alkogolly içgileri we et iýmitlerini ulanmak islenmeýär.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Häzirki wagtda işjeň hereketlerden, esassyz töwekgelçiliklerden we synaglardan gaça durmaly. Ähtimal, bu gün sizi umumy parahatçylyk we oýlanma gurşap alar. Bagyşlamak, sowgat bermek we kabul etmek, haýyşlary ýerine ýetirmek gowy zat. Günüňizi maşgalaňyz ýa-da ýakyn dostlaryňyz bilen geçiriň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün hoş habara ýa-da ýakymly duşuşyga garaşyň. Hyzmatdaşyňyza bildirýän talaplaryňyzdan gaça duruň. Sowukganly bolmaga çalşyň. Saglygyňyza, iýmitiňize aýratyn üns beriň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün ýakyn adamyňyz bilen dawa bolup biler. Gatnaşyklarda doly arakesmäniň boljakdygy ýa-da dowam etjekdigi size bagly. Bu gün özüňizi gözegçilikde saklamagyňyz has gowudyr, sebäbi ýagdaý sizden iň ýokary rahatlygy, giňligi we çydamlylygy talap eder.
22-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama