Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Ykballara täsir edýän ýyldyzlaryň täleýnamasy bilen gyzyklanýan saýtymyzyň hormatly okyjylary üçin size 23-nji martdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Seýle-de siz islän ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Peýdaly söwda etmeklige gowy wagtdyr. Şeýle-de bu gün öýüňiziň abatlaýyş, remont işlerini geçirmäge-de başlap bilersiňiz. Bu gün siz özüňiziň guramaçylyk başarnyklaryňyzy hemmetaraplaýyn açyp görkezmelisiňiz. Size bolýan wakalara dogry baha berip, sabyrlylygy elden gidirmezlik maslahat berilýär. Siziň abraýyňyz bu gün has-da berkär. Geçen ýoluňyza baha bermäge, manysyny agtarmaga mümkinçiligiňiz dörär.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Zähmet işjeňligi üçin känbir gowy gün däl. Bu wagt size hiç hili uly söwda etmek, maýa goýum goýmak maslahat berilenok. Çünki planetalaryň hereketleri bu zatlaryň häzir diýseň howpludygyny aýdýar. Daş-töweregiňizdäkiler bilen dawalaryň bolmagy mümkin. Şeýle-de siz toparyňyzyň ýazylmadyk kanunlaryna garşy gidesiňiz geler. Bu wagt size sabyr-takatlylygy saklamak gaty zerurdyr.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Günüň birinji ýarymynda kiçijek borçlaryňyz ýa-da ýekelik size täze başlangyçlary başlamaga mümkinçilik bermez. Emma günüň ikinji ýarymynda ähli jogapkärçilikli , dokument bilen baglanyşykly işlere ynamly baş goşup bilersiňiz. Agşamyňyzy ýakynlaryňyzyň, maşgalaňyzyň arasynda geçiriň. Bu size rahatlyk berer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Saglygyňyza aýratyn üns bermeklik maslahat berilýär. Känbir köpçülik ýerlerine çykmajak boluň. Işiňizde size uly üstünlikler garaşýar. Siziň döredijilikliligiňiz, maksadaokgunlylygyňyz uly kömek eder we beýlekileriň-de ruhlanmagyna ýardam berer. Içiňizdäki pikirleriňizi daşyna çykarmajak boluň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Ownuk mesleler boýunça jedelleşmäň. Beter özdiýenli bolmaklygyň soňy gowy bolmaz. Bu gün subýektiw baha bermeklikden gaça duruň. Uzak gezelençlerden, uly güýji talap edýän fiziki zähmetden daşda durmaklyk maslahat berilýär.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Dostlaryňyz bilen sözüňiziň azaşmagy ýa-da keýpiňizi gaçyrjak ýaramaz habaryň gelmegi mümkin. Söýgi meselesinde seresaply boluň. Zenan sünbüleleriň duýgy durnuksyzlygyna her kim düşünip bilmez. Öz kemçilikleriňize tankydy seretmegi öwreniň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Siziň dünýägaraýşyňyzy düýpgöter üýtgetjek täze tanyşlyklaryň bolmagy mümkin. Şeýle-de bu gün şowly döredijilik işi bolup biler. Köpçülikleýin çärelere çykmaklyk maslahat berilenok. Saglygyňyza gowy serediň.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu günüňizi duşuşyklara, gepleşiklere, döredijilik gözleglerine bagyş ediň. Esasy zada ünsüňizi jemläň we ownuk meselelere parh bermäň. Toparlaýyn hereketler, fiziki agram bu gün size peýdalydyr. Siz ähli zatda üstünlik gazanarsyňyz. Munuň üçin bolsa işiňize durkuňyz bilen berilmelisiňiz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün siz üçin şowly bolmaklygy wada berýär. Bu ajaýyp günüň ýeke-täk kemçiligi hökmünde ýetginjek-çagalar bilen ýeňiljek düşünişmezlik bolup biler. Paýhaslylyk we söýgi bilen hereket etmäge çalşyň. Şonda bu düşünişmezlik uzaga gitmez.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Irdenden düşünişmezlige we jedelli mesleleriň ýüze çykmagyna taýyn boluň. Ykbal sizi ýene-de synaýar. Gürleşeniňizde özüňizi saklamagy başaryň. Siziň häzirki özüňizi saklap bilmegiňiz we ähli zada dogry baha berip bilmegiňiz indiki başlangyçlaryňyzyň we işleriňiziň şowlulygynyň kepilidir.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Daluwyň şahsy durmuşy asuda we parahat bolar. Tebigat daluwlaryň içki dünýäsi bilen daşky dünýäni deňagramlykda saklar. Geljegiňiz aýdyň görüner. Köp daluwlaryň öz güýçlerine ynamlary artar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün gündelik aladalardan saplanyp, siziň kömegiňize we goldawyňyza mätäç bolan adamlaryň ýanyna barmagyňyz zerur. Köp çykdajylary talap edýän başlangyçlar üçin bu gün gowy däldir.