SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

22-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                  22-nji noýabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün gatnaşyklaryňyzy söýgi sözleri bilen berkidip bilersiňiz. Hamallara dynç günlerini öňünden meýilleşdirmek maslahat berilýär.Güniň ikinji ýarymynda  maşgalaňyz bilen syýahata çykyp täze zatlardan lezzet alyň.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bu gün  hünär işjeňliginde zähmetsöýerligiňiz bilen özüňizi doly tanap bilersiňiz. Sowurlaryň köpüsine soňky döwürde ýüze çykan meseleleri çözmäge, daşky gurşawyny gowulaşdyrmaga we özlerini üýtgetmäge mümkinçilik bolar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün Jöwzalar  töweregindäkiler bilen ajaýyp aragatnaşyk gurup bilerler,bu bolsa işde öňe gitmegiňize mümkinçilik döreder.Ýakynlaryňyz  sizi haýran galdyryp biler. Adaty däl ýagdaýlardan gorkmaň, çalt we döredijilikli hereket ediň. Belki-de söýgi taparsyňyz.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Günüň başy esasanam çylşyrymly we jogapkärli iş üçin amatly bolar. Käbir Seretanlar iş  meselelerini  çözüp bilerler we öz wezipelerini berkitmäge mümkinçilik alarlar. Diňe öz işleriňiz bilen çäklenmän kyn ýagdaýa düşenlere hem kömek edip bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymy has kyn bolup biler. Emosional ýagdaý has dartgynlaşar, käbir Seretanlaryň   keýpi ownuk-uşak zatlar sebäpli erbetleşip biler.

 Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Şübhe we ynamsyzlyk, abadançylygyňyz bilen bagly iň kiçi aragatnaşyklary hem etmegiň öňüni alar. Häzirki işleriň üstünde durmak size kyn bolar. Bu, güýçleriň we duýgularyň aýdyňlygyny we bolup geçýän zatlara düýpli baha bermegiňizi talap eder. Çydamsyzlykdan dynyň, özüňizi erkin we asuda alyp barjak boluň.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Bu gün Sünbüleler gaty köp pikir ederler. Ýakynlaryňyza has hormatly we mylaýym bolmaga synanyşyň. Olar size karýerada öňe gitmek üçin mümkinçiliklerden peýdalanmagy maslahat bererler. Güniň ikinji  ýarymynda kiçijik iş düşünişmezlikler mümkin. Bu hili kynçylyklar wagtlaýyn bolar ýöne birnäçe ýakymsyz pursatlary başdan geçirmeli bolarsyňyz.Başgalar bilen jedelleşmek üçin adatdakysyndan has meýilli bolarsyňyz  we käte dawa-jenjellere sebäp bolup biler.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu gün Mizanlar  ähli sowallaryna jogap tapyp bilerler .Ýyldyzlar size  ýakynlaryňyz bilen syýahata çykmaklygy   maslahat berýär. Tebigatyň gözelligi siziň pikirleriňizi üýtgetmäge itergi berer. Günüň ikinji ýarymy Mizanlaryň maşgalasyna gowy habarlary getirer.

 Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Akraplara möhüm işlerini  günüň birinji ýarymynda etmek maslahat berilýär, sebäbi ikinji ýarym dynç almak üçin amatly pursat. Hiç zady ýatdan çykarmarsyňyz. Hemme zady wagtynda çözmek üçin köp işlemeli bolarsyňyz. Agşam dynç almak islärsiňiz, şonuň üçin aýratyn çylşyrymly  zatlary  meýilleşdirmezlik has gowudyr. Pul bilen baglanyşykly hemme zatda duýgurlyga bil baglap bilersiňiz.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Bu gün size  ajaýyp netijeleri getirip biler.Gatnaşyklarda hem ähli zat gowy bolar. Kowuslara  has köp peýdaly kitaplary okamaklyk  maslahat berilýär. Täze zatlary öwrenmek üçin amatly gün.Meýilleşdirilmedik maliýe girdejisi ähtimal. Işdeşler we ýakynlaryňyz bilen möhüm zatlary ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly pursat. Işewür gatnaşyklaryň romantiki gatnaşyklara öwrülmegi mümkin.

 Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Öňden bäri meýilleşdirip ýören işiňizi amala aşyrmak üçin erbet gün. Günüň birinji ýarymynda iş ýygnaklaryny meýilleşdirmezlige synanyşyň.Duýdansyz keýpiň üýtgemegi mümkin. Saglygyňyzyň ýagdaýyňyza hem üns beriň.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Ýyldyzlar  bu gün size üstünlik gazanmagy wada berýär.Duýgularyňyza diň salyň, olar size ilki nämä  ünsi jemlemlidigini, nämeleri soňa goýup boljakdygyny aýdar. Beren bergileriňiz yzyna geler we bu gaty peýdaly bolar. Alan girdeýjiňizi derrew peýdaly ugra gönükdiriň. Köp adamlar siz hakynda has köp zatlary bilmek isleýärler, şonuň üçin käbir beriljek içgin soraglara taýyn boluň!

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Bu gün köp gyzykly söhbetdeşlikler bolar. Alamatyň käbir wekilleri peýdaly tanyşlar, ozal köp gowy zatlary eşiden adamlaryňyz bilen ilkinji gezek tanyşlyk garaşýar. Olarda özüňiz hakynda ýakymly täsir galdyrmak üçin tagalla etmelisiňiz. Bu temada size duýgularyňyz dogry ýol görezer. Günüň ikinji ýarymynda ünsi talap edýän meselelere wagt sarp ediň. Gezelençleri  syýahaty yza süýşürmek maslahat berilýär.

 

Ýene-de okaň

21-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama