Hormatly okyjylarymyz!
Mähriban okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky maglumatlary giňişleýin okap bilersiňiz.
Şahsy durmuşyňyzda garaşylmadyk kynçylyklardan ägä boluň. Öz kemçilikleriňizi tankytlamaga synanyşyň we ýoldaşyňyza talapkär bolmajak boluň. Iň bulaşyk ýagdaýdan çykalga tapmaga kömek etjek ajaýyp duýgyňyz bar. Çagalar bilen gatnaşyklara üns beriň. Bu agşam olar bilen şatlykly wagt geçirmek mümkinçiligini elden gidirmäň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Maliýe ýagdaýyňyzy gowulaşdyrmak ýa-da garşydaşlaryň hilelerinden halas bolmak mümkinçiligi bar. Günüň ikinji ýarymynda saglygyň ýaramazlaşmagy, depressiýa, kellagyry bolup biler. Uly bolmadyk maliýe kynçylyklary we öý işleri bilen ýüzbe-ýüz bolmagyňyz mümkin. Alkogolly içgileri ulanmaň, iýmitiňize aýratyn üns beriň.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Ýyldyzlar jöwzalara fiziki işjeňlikden we toparlaýyn hereketlerden gaça durmaklygy maslahat berýär. Agşam özüňizi biraz erbet duýup bilersiňiz. Alkogolly içgileri içmek, etli, agyr tagamlary iýmeklik maslahat berilmeýär. Jedi zenanlaryna gyzykly duşuşyk garaşýar. Täze romantikanyň döremegi ýa-da köne gatnaşyklaryň täzelenmegi gaty ähtimaldyr.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Hyzmatdaş hakda nädogry düşünjeler ýa-da ýagdaýa nädogry baha bermek maliýe ýitgilerine sebäp bolup biler. Ýürek bilen baglanyşykly meselesinde garaşylmadyk çylşyrymlylyk göz öňünde tutulýar. Sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen täze pikirleriň ýa-da hereketleriň kesilmekligi dawalara sebäp bolup biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün köpçülikleýin hereket etmek üçin amatsyz – diňe şahsy iş peýdaly, ýöne dogruçyllyk duýgusyny ýitirmeli däl: meýilnamalaryňyzyň köpüsi amala aşman biler we özüňize bolan aşa uly ynam köp kynçylyklary döredip biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün işjeň, döredijilikli, emma diýseň stresli bolar. Häzirki wagtda ähli hereketleriňize üns beriň – özüneçekiji tekliplerden ýüz öwürmäň, tötänleýin tanyşlyklardan gaça duruň, töwekgelçilikli işe baş goşmaň. Garaşylmadyk habarlar meýilnamalaryňyza täzeden garamaga mejbur edip biler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Durmuş mümkinçiligi azalýar. Size ýamanlyk isleýänler, nätanyş adamlar ýa-da ýolbaşçylar bilen baglanyşykly uly meseleler garaşýar. Maşgala agzalary bilen gatnaşyklaryň ýa-da dostlaryňyz bilen dawa-jenjeliň hasam erbetleşmegi mümkin. Her bir islegiňizi kanagatlandyrjak bolmaň, duýgularyňyzy saklamagy başaryň. Alkogolly içgileri we et iýmitlerini ulanmak maslahat berilenok.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Häzirki wagtda işjeň hereketlerden, esassyz töwekgelçiliklerden we synaglardan gaça durmaly. Bu gün sizi asuda bolmak islegi we ýekelikde oýlanma gurşap alar. Bagyşlamak, sowgat bermek we almak, haýyşlary ýerine ýetirmek bu gün siz üçin has gowudyr. Günüňizi maşgalaňyz ýa-da ýakyn dostlaryňyz bilen geçiriň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Şu gün şahsy gatnaşyklarda köne, synagdan geçen we dogry usullara ýapyşmaly: täzeliklerden ýa-da aşa ynamlylykdan gaça durmaly – üstünlik siziňki bolar. Garaşylmadyk habarlar uzak wagtlap dowam eden islegiň amala aşmagy üçin päsgelçilik döredip biler.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Şu gün gowy habara ýa-da ýakymly duşuşyga garaşyň. Öz-özüňi tankytlamakdan ýa-da tersine, ýoldaşyňyza aşa köp talapkär bolmakdan gaça duruň. Bu gün täze, dostluk gatnaşyklarynyň açylmagy mümkin. Bu bolsa size täze güýç, kuwwat berer.
Planetalaryň ýyldyzyňyza täsiri, ýakyn adamyňyz bilen dawa ýa-da düşünişmezlik döredip biler. Şeýlelikde gatnaşyklaryňyzyň düýbünden kesilmegi, ýa-da arakesme bolmagy ahmal. Bu gün gaharlanmazlyk we özüňizi gözegçilikde saklamak has gowudyr, sebäbi ýagdaý sizden iň köp konsentrasiýa we sabyrlylygy talap eder.