DÜNÝÄ

22-nji aprel Bütindünýä Zemin güni

Her ýylyň 22-nji apreli dünýäniň ençeme künjeginde Bütindünýä Zemin güni giň gerimde bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk indi ýarym asyr bäri, has takygy 1970-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Döredilen wagtlary birnäçe döwlet bellän bolsa, 1990-njy ýylda bu baýramçylyk bütindünýä baýramyna öwrüldi. Indi Bütindünýä Zemin güni dünýäde 190-a golaý döwletde baýram hökmünde ykrar edildi. Bu baýramçylyk esasan hem her bir ynsan tebigat üçin hökmany peýdaly işleri ýerine ýetirilmelidigi ündelýär. Onda ösümlikler we haýwanat dünýäsinde asudalygy emele getirmek, arassa daşky gurşawy goramak ýaly degerli işler alnyp barylýar. Oňa dünýäde ençeme zir-zibilleriň gaýtadan işlenilip, zyýansyz önümçilige ornaşdyrylýandygy hem şaýatlyk edýär.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi

Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Ankarada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Türkmenistan daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekişdi

Türkmenistanyň we Türkiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň telefon söhbetdeşlikleri