SIZDEN GELENLER

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we aç-açanlyk ýörelgelerine ygrarly Türkmenistan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň esasy ugurlary  hökmünde häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşmak, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, mizemez baý milli mirasymyzy dünýä ýüzüne aýan etmek maksady bilen sebit we dünýä derejesinde konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar. 2022-nji ýylda kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň  2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» muňa aýdyň mysal hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň daşary syýasy ugry halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam bermek; dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistanyň ornuny güýçlendirmek; halkara gatnaşyklary ulgamynda döwletimiziň milli bähbitlerini yzygiderli goramak ýaly belent maksatlardan ugur almak bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň öňünde howpsuzlygynyň toplumlaýyn we ygtybarly ulgamyny üpjün etmek, ýurduň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmek, şeýle-de Türkmenistanyň Hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine gyşarnyksyz eýermek bilen, halkara parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek ýaly wezipeler durýar.

Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny alan gününden başlap bütindünýäde adamzat ähmiýetli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin uly işleri alyp barýar. Muňa mysal edip aýdanymyzda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde  Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň çäginde: Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy; Halkara Bitaraplyk güni; Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti;   Energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny; Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny; Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek; Halkara Nowruz güni; Merkezi Aziýa parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy; 2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly; Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnama; Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny; 2023-nji ýyl – Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly; Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy; Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny; Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary ýaly birnäçe Kararnamalar ählumumy goldawa eýe boldy we häzirki wagtda üstnünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle-de 2024-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu Kararnama agza döwletleriň, halklaryň we guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi, ynanyşmagy we dialogy barha bekitmäge maksat edinýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan hem 2025-nji ýylyň şygaryny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi.  Muňa laýyklykda, birnäçe ähmiýetli çäreleriň geçirilmegine garaşylýar, hususan-da 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek uly halkara forumy naýbaşy waka bolar.

2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi dünýäniň iň möhüm meseleleriniň biri bolan parahatçylygy üpjün etmekde we ynanyşmagy berkitmekde möhüm ädimdir. Bu Kararnama, BMG-niň beýleki tagallalary bilen birlikde, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy we bütindünýä derejede howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyç hökmünde taryhy ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara derejede Türkmenistn ýurdumyzyň adyny belende galdyrýan  Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

                                                                       Amantagan Meredowa,  

Türkmen döwlet  medeniýet institutynyň Syýahatçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti