BILIM

2025-2026-njy okuw ýyly üçin “FLEX” maksatnamasynyň bäsleşigi

2025-2026 okuw ýyly üçin FLEX maksatnamasynyň bäsleşigine gatnaşmaga aşakdaky talaplara laýyk gelýän ýokary synp mekdep okuwçylary çagyrylýar. Bu barada maksatnamanyň resmi saýtynda habar berilýär.

2007-nji ýylyň mart aýynyň 15-den 2009-njy ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler.

Möhüm: soňky synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.

• Häzirki wagtda mekdepde okaýan we mekdep ýetişigi gowy bolan okuwçylar;
• Iňlis dilini gowy bilýän;
•ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
•Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.


Synaglaryň rejesi

Bäsleşigiň geçirilýän ýeri Güni Wagty Mekdebi
Türkmenbaşy, Balkan welaýaty 13-nji oktýabr, 2024 09:00 Mekdep № 10, Türkmenbaşy ş.
Daşoguz, Daşoguz welaýaty 20-nji oktýabr, 2024 09:00 Mekdep № 2, Daşoguz ş.
Mary, Mary welaýaty 27-nji oktýabr, 2024 09:00 Mekdep № 19, Mary ş.
Balkanabat, Balkan welaýaty 3- nji noýabr, 2024 09:00 Mekdep № 3,Balkanabat ş.
Türkmenabat, Lebap welaýaty 10-njy noýabr, 2024 09:00 Mekdep № 2, Türkmenabat ş.
Aşgabat, Ahal welaýaty 17-nji noýabr, 2024 09:00 Мekdep № 20, Aşgabat ş.

 Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hőkmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatanamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3×4 ölçegli bir fotosurat, ruçka we synaglara hökmany ýagdaýda mekdep lybasynda gelmeli.

*Öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler, ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaklyga rugsat edilýär.

Goşmaça maglumat üçin habarlaşyp bilersiňiz:

Tel: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36;
El.poçta: flex.tm@americancouncils.org;
web-sahypa: https://americancouncilstm.org/flex

Ýene-de okaň

Pars dili kurslarynyň gyşky möwsümi üçin ýazylyşyk

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Amerikada Stipendiýa bilen bilim alasyň gelýärmi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Tramp emeli aňy çaltlandyrmak üçin “Genesis” missiýasyny işe girizdi