BIZNES

2024-nji ýylda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wajyp wezipeleri nazara almak bilen, 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada giňişleýin maglumat berildi.

Bellenilişi ýaly, durmuş ulgamyny ösdürmäge zerur bolan möçberdäki serişdeler gönükdiriler. Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylar. Düýpli maýa goýumlaryň bir bölegini önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, welaýatlardaky täze şäherçeleriň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna seljerme geçirmegiň, býujetiň girdejilerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň, maýa goýumlary köpräk çekmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň Döwlet býujeti barada aýdyp, bu resminamanyň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine iberýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, baş maliýe meýilnamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine ibermek baradaky hata gol çekdi.

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri