BIZNES

2022-nji ýylyň ilkinji 2 aýynyň makro görkezijileri

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işler boýunça hasabatlar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda eden çykyşynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,2 göterim möçberinde saklanylyp galnandygyny belledi.

  • Geçen 2 aýda oba hojalygynda ösüş depgini 3,2 göterim, söwda ulgamynda 8,8 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4 göterim boldy.
  • Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryna golaý bolan aglabasy durmuş maksatly dürli desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar.
  • Şol desgalaryň jemi bahasy 18 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan böleginiň gurluşygyny bolsa, ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama guramalarynyň alyp barýandygy aýratyn begendirýär.

 

20-nji martda ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary