SIZDEN GELENLER

20-nji noýabr-Bütindünýä Çagalar güni

Bütindünýä  Çagalar güni (ispança-Día Universal del Niño, fransuzça-Journée mondiale de l’enfance) 1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 836-njy Rezolýusiýa bilen döredildi. Bu baýramçylyk 1956-njy ýyldan bäri bellenilýär.

Bütindünýä Çagalar güni çagalaryň abadançylygyny üpjün etmäge, olaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, BMG tarapyndan dünýädäki çagalaryň bähbidine alnyp barylýan işleri güýçlendirmäge gönükdirilendir. Baş Assambleýa bu baýramçylygy her döwletiň  özüne laýyk hasaplaýan görnüşinde we öz kabul eden gününe görä bellemegi teklip etdi. Şeýle-de Baş Assambleýa öz karary bilen Bütindünýä çagalar gününiň ählumumy bellenilmeginiň halklaryň agzybirligini we hyzmatdaşlygyny berkitmäge hyzmat etjekdigini aýtdy.

BMG-niň resminamalarynda 20-nji noýabrda Bütindünýä çagalar gününi bellemek baradaky düzgünler düzgünleşdirilýär. Şeýle-de 20-nji noýabr taryhda 1959-njy ýylda “Çaganyň Hukuklary barada Jarnamanyň” we 1989-njy ýylda “Çaganyň Hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň” kabul edilen günüdir

Ýurtlar boýunça aýratynlykda alanymyzda, Russiýa Federasiýasynda, Azerbaýjanda, Ermenistanda, Belarusda, Gazagystanda, Türkmenistanda, Gyrgyzystanda, Moldowada 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär. Panamada bolsa bu baýramçylyk iýulyň üçünji ýekşenbesinde bellenilip geçilýär.

 

 

Laçyn Babamuradowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň

2-nji ýyl talyby.

 

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti