SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

2-nji iýul ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne  basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2-nji iýuldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Kompramisli çözgütleri etmäge razy boluň. Şeýle etseňiz, şu gün ýitireniňizden has köp zat gazanarsyňyz. Meseleleri “hawa” ýa-da “ýok” diýip jogap bermezden dowam etdirip, süýndürip ýörseňiz, ýagdaý gowulaşmaz.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Herekete başlaň, ugruny bolsa, soň kesgitläň. Nirä barýandygyňyz sizi biparh goýmaýan bolsa, birinden maslahat soraň we maslahatyň tersini ediň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün islän zadyňyzy doly talap edip bilersiňiz, talaplaryňyzyň esaslandyrylan we hatda kanagatlandyrylan bolmagy ähtimal. Elbetde, sesiňizi galdyryp, gödek bolmak bu zatlara ýaramaz täsir eder.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün ýagdaýy özbaşdak çözüp bilmeýän adamlar üçin bahasyna ýetip bolmajak kömekçi bolarsyňyz. Başgalar üçin hiç hili kynçylyksyz karar berip bilersiňiz. Emma öz şahsy işleriňizde bolsa, edil beýlekiler ýaly ejiz bolup bilersiňiz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Gapylary näçe giň açsaňyz, şonça-da ýeňil, arassa howa we hoşniýetli myhmanlar girer. Şonuň üçin şu gün güler ýüzli bolmaklyk, başgalara eliňizden gelen kömegiňizi etmeklik maslahat berilýär.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Häzirki wagtda ýagdaýyňyz ukyňyzyň ýetmeýändigine meňzeýär. Daş-töweregiňizdäki adamlar sizden birneme has köp işjeňlige garaşarlar we olaryň käbirleri lapykeç bolup bilerler.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Baý hyýalyňyz, fantaziýaňyz bar. Ony daş-töweregiňizdäki dünýäni reňklemek üçin ulanyň. Eger ýan-ýoldaşyňyz, gaýyn eneňiz ýa-da ejeňiz we ş.m. ýaşaýyş otagynda diwary boýamaga ýol bermese, has zyýansyz bir zat hakda pikir ediň. Munuň üçin artykmaç nerwiňizi oýnamaň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün öz gazanç çeşmeleriňiz ýetmezçilik eder we biraz höweslendiriş gerek bolar. Baýdak siziň eliňizde, ýöne has artykmaç hereket etmejek boluň. Ähli zatda ölçegli bolmak siziň peýdaňyza bolar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün täze-täze zatlary öwrenmek, özüňizi kämilleşdirmek üçin diýseň gowy wagtdyr. Ýadyňyz we ünsüňiz bu gün has ýitileşer. Bu wagty paýhasly ulanyň, çünki şuňa meňzeş günler ýygy-ýygydan ýüze çykmaýar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Häzirki wagtda özüne çekijiligiňiziň, alçaklygyňyzyň güýji, esasan, özüňizi ilki görkezişiňize bagly bolar. Birki sany ajaýyp öwrüm bilen biriniň göwnüni awlap bilersiňiz.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Elbetde, bu gün dünýä mümkin boldugyça siziň isleýşiňiz ýaly bolar. Bu waka uzak dowam etmez, şonuň üçin-de mümkinçiligi doly derejede ulanyň. Bu gün bar bolan resurslaryň ählisinden akylly-başly peýdalanmak maslahat berilýär.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün öli ýolbars ýaly arkaýyn we asuda bolarsyňyz. Bu bolsa töweregiňizdäkileri haýrana goýar. Çünki daş-töweregiňiz şeýlebir tolgunyşykly welin arkaýyn bolmagyňyz birneme geň bolar. Özüňizi şeýle ýagdaýda rahatlandyrmak bolsa, siziň peýdaňyzadyr.

“.tm” belgili milli domen kämilleşdiriler

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama