BIZNES

2 gawunyň bahasy 23,55 müň dollar

Bilşiňiz ýaly, Ýaponiýada gök we bakja önümleriniň täze hasylynyň ilkinjileri auksionda satylýar. Şeýle söwda satuwlary üzüm, gawundyr garpyzlar we beýleki miwe hem-de bakja önümleri üçin guralýar.

Bu gezek “ýubari” atly gawun sortunyň täze hasyly üçin guraldy. Hokkaýdo adasynda guralan auksionda gawunyň täze hasyly 3 million ýene (23.55 müň dollar) satyldy. Bu barada “Kyodo” habarlar gullugy habar berýär.

Geçen ýyl gawunyň bu sorty 2,7 million ýene (21.2 müň dollar), 2020-nji ýylda 120 müň ýene (942 dollar) satylypdy. Bu ugurda rekord 2019-njy ýylda goýlupdy. Gawunyň 2 sanysy 5 million ýene (39.25 müň dollar) satyldy.

Ýaponiýanyň “Ýubari” gawun sorty pyrtykal reňkde bolup, örän süýji tagamy bilen tapawutlanýar. Günüň dogýan ýurdunda bu gawun örän gymmat bahaly sowgat hökmünde kabul edilýär.

Metbugatyň maglumatyna görä, bu gawunlary “Hokuyupack Co.” miwe we bakja önümlerini satýan kompaniýa satyn alypdyr. Olar Ýubari şäherinde gawundan mugt dadyp görmek üçin çäre gurnamagy göz öňünde tutýar.

 

Dubaýdan we Kazandan Türkmenistana bilet nireden almaly?

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy