JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Medine şäherine baryp gördi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz mukaddes Mekge şäherine — Muhammet pygamberiň Watanyna umra hajyna barýan ähli zyýaratçylaryň berjaý etmeli dessurlaryny ýerine ýetirdi. Şu ýerde ýene-de bir möhüm wakany belläp geçmek ýerlikli bolar. Iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gijede, döwlet Baştutanymyzyň zyýaraty wagtynda mukaddes Käbäniň — Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin örän seýrek mümkinçilik döredildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mukaddes Käbeden keramatly nyşan hasaplanýan teperrik gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gelip gonýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Medine welaýatynyň häkimi Feýsal bin Salman Al Saud we beýleki resmi adamlar garşylaýarlar.

Bu ýerde geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Medine welaýatynyň häkimi, Patyşanyň bäşinji ogly Feýsal bin Salman Al Saud deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda alnyp barylýan döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdiler.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly guramalaryň ugry boýunça özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dostluga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-saud gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wekiliýet agzalary bilen bilelikde Muhammet pygamberiň metjidiniň hormatyna namaz okady. Pygamberimiziň müdimilik aram tapan ýerinde Beýik Biribardan ata Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň parahatçylygy we rowaçlygy üçin doga-dilegler edildi.

 

Aşgabat-Kazan adaty halkara uçar gatnawy amala aşyryldy

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa Bütindünýä çagalar güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Milli Liderimize hoşallyk hatyny ýolladylar