SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

19-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, resminamalaryň terjimesi üçin  Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 19 -njy  oktýabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Günüň dowamynda hamallar päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolar, ýöne hemme zat oňyn çözüler. Erkek hamallar öz maksadyna ýetmegiň dogry ýoluny saýlap bilerler. Häzirki wagtda aýallar üçin dynç almak we özleri hakda alada etmek has gowudyr. Global meýilnamalary düzmegiň manysy ýok, häzirki wagtda olar amala aşyrylmaly däl. Bu gün dynç we lezzet almaga synanyşyň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün, sowurlar edip bilmejek zatlaryna energiýa sarp etmeli däl. Öz egoizmiňizi kiçeldiň we kömek soraň. Erkekleriň häzirki wagtda gizlin zehinleri we başarnyklary döredijilik ukyplarynyň açylmagyna ýardam berer. Aýallar üçin hemme zat aňsat we artykmaç energiýa harçlamazdan geçer. Agşam garaşylmadyk ýakymly zat sizi begendirip biler.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar üçin bu gün gatybir aňrybaş bolmasa-da, hemme zat öz eliňizde bolar. Başlangyç etseňiz, hemme zady üýtgedip bilersiňiz. Erkekler kynçylyklary aňsatlyk bilen çözüp bilýärler. Bu gün köne bergileri üzmek we berlen wadalary ýerine ýetirmek üçin amatlydyr. Aýal-gyzlar saglygyna üns bermelidirler, ýygy-ýygydan nerwiň aşa köp oýnalmagy hroniki keseliň döremegine sebäp bolup biler, özüňize dynç beriň we wagtynda barlagdan geçiň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Häzirki wagtda seretanlar arzuwlaryna üns bermelidir, olar hasyl bolup biler. Erkekler duýgurlyga esaslanyp karar bermeli, ol bu gün gowy netijelere getirer. Öz maksatlaryňyzy başgalara aýtmaň, özüňize duşman edinip bilersiňiz. Häzirki wagtda aýallar şahsy durmuşynda üýtgeşmelere garaşýarlar. Bu bolsa, diňe olaryň özüne baglydyr.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Saglygyňyza ideg etmegiň, iýmitlenişiňizi gözden geçirmegiň wagty geldi. Saglyga uly zyýan berýän agyr iýmitlerden, alkogolly içgilerden ýüz öwüriň. Sagdyn iýmitlenmä geçiň. Sport zalyna gatnaň, ýöne derrew agyr ýüklerden başlamaň. Esetler tigir sürmekden we ýogadan uly peýda görer.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbülelerde irdenden başlap energiýa diýseň köp bolar, muny ulanmaga synanyşyň. Erkekler ownuk-uşak zatlar bilen gyzyklanman, ugruny saýlap, tutanýerlilik we dogumlylyk görkezmeli. Islendik gepleşik aýal-gyzlara üstünlik getirer. Emma, söýgi meselesinde manysyz zatlar gaharyňyzy getirer. Umytdan düşmäň, zatlar garaşylmadyk ýagdaýda üýtgäp biler.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Başarnyklary sebäpli mizanlar islendik adama aňsatlyk bilen täsir eder. Ähli täze zatlara açyk bolmaga, peýdaly tanyşlyklary açmaga synanyşyň. Erkekler häzirki wagtda ýakynlary bilen gatnaşykda seresap bolmalydyrlar. Ýakynlaryňyza aladaňyzy görkeziň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplara bu gün artykmaç zatlardan dynmagyň wagty geldi. Jaýda umumy arassalaýyş işleri geçirmek, işlerde zatlary tertibe salmak bu gün peýdaly bolup biler. Köne işi tamamlaň, kagyzlary tertipläň. Hiç zat sizi yza çekmez ýaly, puşman bolmazyňyz ýaly öňki zatlary saklamazlyga çalyşyň. Uly abatlaýyş işine başlasaňyzam, ol rahat geçer we çalt tamamlanar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün kowuslar üçin ýatdan çykmajak gün bolar. Erkekler günüň köp böleginde öňden bäri ýygnanan işleri bilen meşgullanarlar, ýöne paýhaslylygyňyz we karar bermek ukybyňyz size kömek eder. Aýallar jemgyýetçilik durmuşy bilen meşgullanarlar. Günüň ikinji ýarymynda, öňki tanyşlaryňyzdan ýakymly salamlar gelip biler. Bu gün gaharlanmazlyga synanyşyň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jedileriň öňünde ajaýyp, asuda gün garaşýar. Erkekler şu gün aýallaryň ünsüni özüne çekerler. Bu gün romantik duşuşyklar we ajaýyp güýmenjäniň bolmagy mümkin. Häzirki wagtda aýallar üçin ilki bilen öýde rahatlyk döretmek, çagalara ideg etmek wajyp bolar. Agşamyňyz ýakymly duşuşyklar we tanyşlar bilen geçer. Dynç alyp, göwünüňizi açyp bilersiňiz, bu sizi ýene-de energiýa bilen doldurar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün ykbalyň özi daluwlara köp alamat iberer, esasy zat olara dogry düşünmek we netije çykarmakdyr. Erkekler öz aladalaryna doly çümmeli däldir we diňe özleri hakda pikirlenmeli däldir, daş-töweregiňizdäki adamlary ýatdan çykarmaň. Aýallar wagt tapyp, käbir kynçylyklary başdan geçiren ýakynlaryna goldaw bermelidirler.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlaryň islendik pikirleri we işleri şu gün hökman amala aşar. Erkekler töwekgelçilik etmekden gorkmaly däldirler. Tejribäňiz we duýgurlygyňyz, hatda iň kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek eder. Aýal-gyzlar üçin bu gün ýakymly, garaşylmadyk zatlardan doly bolar.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama